Sepleriň elýeterliligi

Müsür "Hamazy" terrorçy hasaplaýar


Müsür sudy Palestinanyň «Hamaz» hereketini terror guramasy diýip hasaplamak barada karar çykardy.

Müsür telewideniýesi Kair sudunyň 28-nji fewraldaky kararyny ile ýetirdi.

Müsüriň häzirki ýolbaşçylary «Hamazyň» Sinaý ýarymadasynda howpsuzlyk güýçlerine garşy tapgyrlaýyn hüjüm gurnan yslamçy ekstremistlere ýardam berendigini aýdýarlar.

Geçen aý bu sud «Hamazyň» harby ganaty bolan «Al-Kassam brigadalaryny» hem terrorçy topar atlandyrmak barada höküm çykardy.

XS
SM
MD
LG