Sepleriň elýeterliligi

Öjalan ýaragsyzlanmaga çagyrýar


Kürt pitneçi lideri Abdulla Öjalan, türk türmesinde oturan ýerinden, özüne eýerijileri ýaraglaryny taşlamak baradaky «taryhy» karara gelmäge çagyrdy.

Parlamentiň kürtlere tarapdar Halk Demokratik partiýasynyň kanun çykarajysy Sirri Sureýýa Onder Öjalanyň beýanatyny 28-nji fewralda TW-de göni efirde okady.

Bu beýanatda Kürdüstan işçiler partiýasynyň ýazda ýaragsyzlanmak kongresine gatnaşmagyna çagyrylýar.

Onder Öjalana salgylanyp, onuň «Men PKK-ny ýazda ýaragly göreşi bes etmek baradaky adatdan daşary kongrese gatnaşmaga çagyrýaryn» diýen sözlerini ile ýetirdi.

Türkiýedäki kürt pitneçiligi 40 müňden gowrak adamy öldürdi. Türkiýede 15 million çemesi kürt ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG