Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu Waşingtona ugrady


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Eýran bilen baglaşylmagy ahmal ýadro ylalaşygyna garşy çykyş etmek üçin 1-nji martda Waşingtona ugrady.

Netanýahu respublikan kanun çykaryjylaryň çakylygy bilen barýar we onuň ABŞ Kongresiniň iki palatasynda hem söz sözlemegi planlaşdyrýar.

Onuň söz sözlemeginiň planlaşdyrylmagy çakylykdan öň hiç bir geňeş-maslahat salynmadyk Ak tamyň gaharyny getirdi.

Netanýahu Eýran bilen dünýäniň alty döwletiniň, şol sanda ABŞ-nyň arasynda alnyp barylýan gepleşik esasynda ylalaşyk baglaşylmak ähtimallygyny goldamaýar.

Ysraýyl lideri bu ylalaşygyň Tähranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almajagyny öňe sürýär.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawed Zarif Netanýahu gorky-howatyry çişirýär, emma ol indi ylalaşyk gazanylmagynyň öňüni alyp bilmez diýdi.

XS
SM
MD
LG