Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 1100 adam öldürildi


BMG 1-nji martda fewral aýynda azyndan 1100 yraklynyň öldürilendigini aýtdy.

Pidalar yrak goşunynyň esgerlerini, asuda adamlary hem içine alýar we bu işde esasan «Yslam döwleti» topary, şol sanda hökümet güýçleri we hökümetçi şaýy milisiýasy jogapkär diýip bilinýär.

BMG-niň Yrakdaky Kömek missiýasynyň beýanatynda asuda adamlardan öldürilenleriň sanynyň 611-digi, galan pidalaryň Yragyň howpsuzlyk güýçlerine degişlidigi aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda ölenleriň sanyna YD jeňçileriniň kontrollugyndaky ýerlerde wepat bolanlaryň girmeýändigi bellenilýär.

BMG fewral aýynda ýaraly bolanlaryň azyndan 2280 adamdygyny, olaryň 1350 çemesiniň asuda ilata degişlidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG