Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda saýlaw geçirilýär


Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy 1-nji martda geçirilýän parlament saýlawlarynda bir topar düzgün bozulmasyny dokumentleşdirdi.

Bir adamyň tutuş maşgala derek ses bermegi, saýlaw uçastoklarynda gözegçiniň oturmaly oturgyçlarynyň boş durmagy, meýletin saýlaw işgärleriniň saýlawçylara kime ses bermelidigini aýtmagy ýaly mysallar täjik kanunçylygyna ters gelýär.

Täjigistanyň parlament saýlawlary, halkara gözegçileriniň aýtmagyna görä, kän bir göze ilmedik saýlaw kampaniýalaryndan soň geçirilýär.

Sekiz sany syýasy partiýadan 300-e golaý kandidat parlamentiň aşaky palatasyndaky 63 orun ugrunda bäsleşýär.

Saýlawda prezident Emomali Rahmonyň Halk Demokratik partiýasynyň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.

Dolandyryjy partiýanyň esasy syýasy bäsdeşi Yslamçy Gaýtadan döreýiş partiýasy bolup durýar, bu Merkezi Aziýada resmi hasaba alnan ýeke-täk yslamçy partiýadyr.

Yslamçy Gaýtadan döreýiş partiýasy we Sosial demokratik partiýa hökümetiň tankytçylary bolup durýar, emma beýleki partiýalar özlerini konstruktiw oppozisiýa atlandyrýarlar we hökümet syýasatyna açyk goldaw bildirýärler.

Rahmonyň 1994-nji ýyldan bäri dowam edýän prezidentligi astynda Günbatar synçylary tarapyndan azat we adalatly diýlip baha berlen bir saýlaw hem geçirilmedi.

XS
SM
MD
LG