Sepleriň elýeterliligi

TDH azeri agentlikleri bilen hyzmatdaş bolar


Türkmenistanyň Türkmen Döwlet Habarlar gullugy (TDH) Azerbaýjanyň iri informasion agentlikleriniň ikisi bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy.

28-nji fewralda Bakuda Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň Azerbaýjanyň “AzerTAdž” döwlet informasion agentligi, şeýlede “Trend” halkara informasion agentligi bilen informasiýa alyşmak barada baglaşan ylalaşyklarynyň iki ýurduň aragatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy nukdaýnazaryndan has-da aktualdygy Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda aýdylýar.

Gol çekilen ylalaşyklarda, informasion agentlikleriň Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşy barada operatiw maglumatlar şeýle-de wideolar hem suratlar bilen yzygiderli alyşmagy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň öz milli habar beriş serişdeleriniň halkara informasion giňişligine aralaşmagy üçin halkara hyzmatdaşlygyna ähmiýet berýändigi TDH agentliginiň maglumatynda bellendi.

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri döwletiň gözegçiliginde işleýär. Ýurtda hasaba alnan ýeke-täk hususy neşir “Rysgal” 2010-njy ýylda prezident G.Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça ýurduň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi tarapyndan döredilipdi.

XS
SM
MD
LG