Sepleriň elýeterliligi

Kerri, Lawrow duşuşyk geçirdi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. 2-nji mart, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. 2-nji mart, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Bu duşuşyk gündogar Ukrainadaky konflikt we Kremliň tankytçysy Boris Nemsowyň öldürilmegi bilen baglanyşykly dartgynlylyklaryň dowam edýän mahalyna gabat geldi.

Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň dowamynda geçirilen 20 minutlyk duşuşykdan soň, Kerri Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda, Lawrow we men Ukraina, Siriýa we Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça halkara ylalaşygyna gelmek ugrunda geçirilýän gepleşikler barada “içgin maslahat etdik” diýip, tweet paýlaşdy.

1-nji martda Kerri Nemsowyň “wagşylarça öldürilmeginiň pugta, aç-açan we real derňelmegi” üçin çagyryş etdi. Şol güni on müňlerçe adam oppozision syýasatçy Nemsowyň hormatyna Moskwada hatyra ýörişine çykdy.

XS
SM
MD
LG