Sepleriň elýeterliligi

Täjik saýlawlarynda häkimiýetdäki partiýa ýeňiş gazandy


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon.

Täjigistanyň saýlaw resmileri ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynda prezident Emomali Rahmonyň häkimiýetdäki partiýasynyň ýeňiş gazanandygyny habar berýärler. Bu saýlawlar halkara gözegçileri tarapyndan tankyt edilip, ýurduň komunist partiýasynyň lideri tarapyndan “bolgusyzlyk” diýip atlandyryldy.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, Täjigistan öz garaşsyzlygyny alany bäri “Yslam Galkynyş partiýasy” we Kommunist partiýasy ilkinji gezek parlamentde ýer almak üçin zerur bolan 5% sesi alyp bilmediler.

Täjigistanyň saýlaw komissiýasynyň başlygy Şermuhammad Şohiýonyň 2-nji martda mälim eden maglumatyna görä, 1-nji martda geçirilen saýlawlarda prezident Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygyndaky “Täjigistanyň Halk demokratik partiýasy” sesleriň 65,2% alypdyr. Şeýle-de, ol saýlawlarda ses bermek üçin ilatyň 87,7%-niň gatnaşandygyny belledi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy parlament saýlawlarynyň geçirilen güni bir topar düzgün bozulmasyny dokumentleşdirdi. Olaryň arasynda bir adamyň tutuş maşgala derek ses bermegi, saýlaw uçastoklarynda gözegçiniň oturmaly oturgyçlarynyň boş durmagy, meýletin saýlaw işgärleriniň saýlawçylara kime ses bermelidigini aýtmagy ýaly mysallar bar.

XS
SM
MD
LG