Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Bäş adam tussag edildi


Gyrgyzystanyň resmileri ýurtda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” yslamçy toparynyň agzasy diýlip güman edilýän bäş adamy tussag edendiklerini aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň Naryn regionyndaky hukuk goraýjylaryň 2-nji martda beren maglumatyna görä, polisiýa şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän bäş şübheliniň öýünde ekstremist mazmunly kitaplary tapansoň, gürrüňi gidýän adam regionyň paýtagtynda we onuň çägindäki obalarda tussag edilipdir.

Soňky hepdelerde Gyrgyzystanda “Hizb ut-Tahrir” we ýurtda gadagan edilen beýleki yslamçy toparlaryň agzalary diýlip güman edilýän adamlaryň tussag edilendigi baradaky maglumatlar artdy.

Fewral aýynda gyrgyz resmileri tutuş ýurduň çäginde “Hizb ut-Tahrir” toparynyň agzasy diýlip güman edilýän birnäçe adamyň tussag edilendigini habar beripdiler

XS
SM
MD
LG