Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Eşek etiniň derňelmegi soralýar


Gyrgyzystanyň kanunçykaryjylary tutuş ýurduň çägindäki kafelerde we restoranlarda eşegiň etiniň ulanylýandygy baradaky öňe sürmeleriň derňelmegi üçin gyrgyz hökümetine çagyryş etdi.

Gyrgyz parlamentiniň oba-hojalyk syýasaty boýunça komitetiniň eden bu çagyryşy, geçen hepde döwlet telewideniýesi ýurduň demirgazygyndaky Çui regionyndaky fermada eşekleriň öldürilmegi barada maglumat goýbermeginiň yzýanyna gabat geldi.

2-nji martda gürrüňi gidýän komitet hökümetden bu ýagdaýy 15-nji marta çenli derňemegi sorady.

Gyrgyz parlamentiniň oba-hojalyk syýasaty boýunça komitetiniň agzasy Saidulla Nyşanow bu barada “talabalaýyk” çäreler görülmese, Kabinetiň işden çekilmegi üçin çagyryş etjekdigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň döwlet telewideniýesinde görkezilen maglumatda, žurnalistler eşegiň etiniň kafelere we restoranlara ugradylan bolmagynyň mümkindigini aýdypdylar. Şol bir wagtyň özünde maldarlar eşekleriň Gong Kongdaky haýwanat bagyna et ugratmak üçin öldürilendigini bellediler.

XS
SM
MD
LG