Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: “YD” garşy operasiýalar başlady


Yragyň harby güýçleri.
Yragyň harby güýçleri.

Yragyň hökümet güýçleri Tikrit şäherini we Bagdadyň demirgazygyndaky beýleki territoriýalary “Yslam döwleti” atly ekstremist topardan yzyna almak üçin operasiýalary başlatdylar.

Yragyň döwlet telewideniýesiniň 2-nji martda beren maglumatynda ýurduň harby güýçleriniň “Yslam döwleti” atly toparyň pozisiýalaryna hüjüm edendigi habar berildi. Gürrüňi gidýän territoriýalar Bagdadyň 130 kilometr uzaklygynda ýerleşýär.

Maglumata görä, söweşijiler şäheriň çetindäki käbir territoriýalardan çykarylypdyr, emma bu maglumat henize çenli tassyklanylmady.

Yragyň howpsuzlyk resmilerine salgylanyp berilýän maglumata görä, operasiýalara 30 müň çemesi harby we birleşen söweşijiler gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG