Sepleriň elýeterliligi

Nemtsow: Çaklama köp-de, jogap ýok


Boris Nemtsowyň jesedi, 28-nji fewral, 2015.

Boris Nemtsowyň jesedi, 28-nji fewral, 2015.

Orsýetiň häkimiýetleri we habar serişdeleri 27-nji fewralda oppozisiýanyň lideri Boris Nemtsowyň öldürilmegine jogapkär bolup biljek potensial jenaýatçylaryň käbirine, ýönekeýleşdirip aýdanyňda, ”barmak çommaltsa-da”, olaryň hiç biriniň Kreml bilen gatnaşygy bardyr öýdülenok.

1. ABŞ amala aşyrdy

Orsýetiň Derňew komitetiniň agzalary we beýleki ýokary derejeli resmileri özbaşdak aýyplamalardan resmi taýdan saklandylar we “Nemtsowyň öz syýasy maksatlaryna ýetmekde hiç zatdan saklanmaýanlaryň pidasy bolmagynyň ähtimaldygyny” aýtmak bilen öňdular.

Köp orsýetliler bolsa bu kesgitsiz çaklamalary ABŞ-a garşy yşarat hökmünde kabul etdiler. Kreml Waşingtony geçen ýylda Ukrainada Ýewromaýdan protestleriniň we hökümetiň agdarylmagynyň guramaçylygynda, şeýle-de şeýle ýagdaýy Orsýetde geçirmäge synanyşmakda aýyplady.

Antimaýdan guramasynyň resmi bolmadyk onlaýn pikir soralyşygynda öz pikirini mälim edenleriň 45%-i ABŞ-nyň Orsýetde maýdan protestlerini tutaşdyrmak maksady bilen liberal Nemtsowyň öldürilmegini gurnandygyny aýtdylar. Öz pikirini beýan edenleriň ýene 23%-i Nemtsowy, ýurtda protestleri tutaşdyrmak üçin, oppozisiýanyň öldürendigini aýtdy.

Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow hem şuňa meňzeş pikirlere eýerip, “Nemtsowyň öldürilmeginiň Orsýetde içerki konflikti döretmäge mümkinçilik gözleýän Günbataryň gizlin gulluklary tarapyndan gurnalandygyna şübhe ýok” diýip, ol Instagramda ýazdy.

Döwlete degişli bolmadyk media serişdeleri, şol sanda “Nowaýa gazeta” Çeçenistanyň liderini ençeme sapar tankyt edendigi üçin Nemtsowyň mydama Kadyrowyň howpsuzlyk gulluklarynyň göz astynda bolandygyny çak edýär.

2. Muny yslamçy ekstremistler etdi

Orsýetli derňewçiler Nemtsowyň ýanwar aýynda “Charlie Hebdo” neşirindäki gyrgynçylygyň yz ýany dünýewi garaýyşlar we söz azatlygy hukuklaryny goldap eden çykyşlary sebäpli oňa haýbatyň atylandygyna özlerinde subutnamalaryň bardygyny aýtdylar.

Käbir orsýet metbugat serişdeleri, polisiýa salgylanyp, olaryň hüjümiň bolan ýeriniň golaýynda galdyrylan ak reňkli Lada maşyny barlaýandygy we bu ulagyň belgileriniň Demirgazyk Kawkazyň Inguşystan respublikasyna degişlidigini habar berýärler.

3. Muny ukrainler etdi

Nemtsow Orsýetiň Ukrainadaky konflikte çak edilýän gatnaşygyna garşy berk çykyş edýärdi we ol birnäçe hepde mundan öň eden çykyşynda Orsýetiň Ukrainadaky ýaragly krizisde rol oýnaýandygyna şübhesiz subutnamalaryň bardygyny aýdypdy.

Muňa garamazdan, Orsýetiň Derňew komitetiniň metbugat wekili Wladimir Markin Nemtsowyň ölüminde Ukrainanyň günälenmelidigini çak etdi.

Käbir adamlar Nemtsowyň Kiýewe bildiren goldawy üçin “halk duşmany” hökmünde Putiniň tarapdarlarynyň gahar-gazabyna duçar bolandygyny çak edýärler.

Orsýetiň Goranmak ministrligine degişli «Zwezda» telekanalynyň maglumatynda Nemtsowyň öldürilmegine Kremliň iki sany ýiti tankytçysy: aşa milletçi Dmytro Korçynskiniň we Ukrainanyň milletçi ”Sagçy sektorynyň” ýolbaşçysy Dmytro Yaroşyň günäli bolmaklarynyň mümkindigi aýdyldy.

"Olar ýaňy-ýakynda Orsýetde, hususanam Moskwada terrorçylykly hereketleri amala aşyrmagyň zerurlygy barada çykyş etdiler” diýip, maglumatda aýdylýar.

4. Onuň bulaşyk durmuşy sebäp boldy

Nemtsowyň öldürilmeginiň yzysüre bir sagadyň dowamynda Twitterde peýda bolan çaklamalarda Nemtsowyň, hamana söýgülisini oňa elinden aldyran ukrain tarapyndan öldürilen bolmagynyň mümkinligi öňe sürüldi.

Öldürilen wagty Nemtsowyň ýanynda, onuň ozaldan birnäçe ýyl bäri gatnaşyk edýän gyzy 23 ýaşly model Anna Duritskaýa bardy.

Duritskaýa hüjümde diri galdy we şondan bäri kanungoraýjylar tarapyndan jemgyýetden berk üzňelikde saklanýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG