Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň ilatynyň 2/3-si Internete girmeýär


Facebookyň logotipi ýerleşdirilen surat.
Facebookyň logotipi ýerleşdirilen surat.

Facebook sosial ulgamynyň täze hasabatynda bütin dünýäniň ilatynyň 62,1%-niň heniz hem Internetden peýdalanmaýandygy görkezilýär. Ýagny, bu bütin dünýäniň ilatynyň 2/3 böleginiň 2014-nji ýyldan bäri ýekeje sapar hem Internede girmändigini aňladýar.

Facebook sosial ulgamynyň eýeçiligindäki www.internet.org websaýtynda çap edilen “Global arabaglanyşyk 2014“ atly hasabatda bellenilmegine görä, dünýäniň ösen ýurtlarynda ilatyň 76,2%-i internetden peýdalanýar. Şol bir wagtyň özünde-de dünýäniň ösüp barýan ýurtlarynda bu görkezijiniň 29,8%-e barabardygy bellenilýär.

Hasabatda görkezilişine görä, Interneti dünýäde iň köp ulanýan region Demirgazyk Amerika bolup, bu sebitde ilatyň 84,4%-i Internetden peýdalanýar. Internetden iň az peýdalanýan region Günorta Aziýa (Pakistan, Hindistan) bolup, bu sebitde ilatyň 13,7%-i Internete girýär.

Facebook sosial ulgamynyň hasabatynda, Ýewropa täsin bir ýagdaýda Merkezi Aziýa bilen deňeşdirilip, bu iki regionyň umumy ilatynyň 65,4%-niň Internetden peýdalanýandygy habar berilýär.

Düýbi Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän Facebook sosial ulgamy dünýäde iň meşhur sosial ulgamlaryň biri bolup, bu ulgam 2014-nji ýyldan bäri ulanyjylara öz jynsy aýratynlygyny 58 dürli jynsda görkezmek mümkinçiligini hödürläp gelýärdi.

Emma birnäçe LGBT (Lezbian-Geý-Biseksual-Transeksual) aktiwisti bu sanawyň käbir jynslaryň özlerini beýan etmegi üçin ýeterlik däldigini aýdansoň, Facebook sosial ulgamy öz ulanyjylaryna öz jynsy aýratynlyklaryny erkin ýagdaýda beýan etmäge mümkinçilik berýän ýörite programmany hödürläp başlady.

Facebook sosial ulgamy Mark Zuckerbergiň we Eduardo Saveriniň, Andrew McCollumoň, Dustin Moskovitziň hem-de Chris Hughesiň ýolbaşçylygynda 2004-nji ýylyň 4-nji fewralynda öz işine başlady.

XS
SM
MD
LG