Sepleriň elýeterliligi

D.Koreýa serhedini gaýtadan açdy


Demirgazyk Koreýa aradan bäş aýa golaý wagt geçensoň, 3-nji martda öz serhedini daşary ýurt turistlerine we işewürlerine gaýtadan açdy. Phenýan “Ebola” wirusy sebäpli dörän aladalanmalar zerarly öz serhedini ýapypdy.

Demirgazyk Koreýa dünýäniň iň izolirlenen ýurdy bolup, ol “Ebolanyň” ýaýran ýerinden, ýagny Günbatar Afrikadan müňlerçe kilometr uzakda ýerleşýär.

Phenýan öz raýatlaryna bu wirusyň ýokaşandygy barada maglumat bermedi. Şol bir wagtyň özünde bu wirus bütindünýäde 9 müňden gowrak adamyň heläk bolmagyna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG