Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-den Ukrain ylalaşygyna gözegçilik etmeklik soraldy


Russiýanyň, Ukrainanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndan gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada gelnen soňky ylalaşygyň berjaý edilmegine kömek etmegi soramak barada ylalaşyga geldiler.

2-nji martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland telefon arkaly gepleşik geçirdiler.

Germaniýanyň hökümetiniň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän ýurtlaryň liderleri ok atyşygy bes etmek barada Minskde gelnen ikinji ylalaşygyň berjaý edilmegine we agyr ýaraglaryň çykarylmagyna gözegçilik etmekde ÝHHG-niň uly rol oýnamalydygy dogrusynda ylalaşdylar.

Şeýle-de liderler ÝHHG-den häzirki bolýan wakalar barada her gün hasabat çap etmegi sorady diýlip, maglumatda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG