Sepleriň elýeterliligi

Obama: Eýran ýadro hereketlerini 10 ýyl doňdurmaly


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Eýranyň ýadro programmasy barada ylalaşyga gelinse, Tähran ýadro hereketlerini azyndan 10 ýyl doňdurmagy kabul etmelidir diýdi.

Obama 2-nji martda “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda, mümkinçilikleriň heniz hem şeýle ylalaşygyň baglaşylmagyna garşy bolmagyna galýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar we dünýäniň iň kuwwatly bäş ýurdy Eýranyň ýadro programmasy barada Tähran bilen ylalaşyk baglaşmaga synanyşýarlar. Bu ylalaşyga laýyklykda, Eýrana garşy girizilen ykdysady sanksiýalary gowşatmaklyk we Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmeklik göz öňünde tutulýar.

Dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdy we Eýran, Tähranyň ýadro programmasy boýunça çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak üçin mart aýynyň ahyryny we doly ylalaşygy baglaşmak üçin 30-njy iýuny soňky möhlet diýip bellediler.

XS
SM
MD
LG