Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A.Kaýa: Türkiýe Türkmenistana kömek etmeli


G.Berdimuhamedow türk resmileri bilen
G.Berdimuhamedow türk resmileri bilen

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Türkiýä iki günlük resmi saparyna başlady. Onuň saparynyň dowamynda dürli meseleler, şol sanda howpsuzlyk bilen bagly meseleler barada gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Edil şu pursatda Türkiýäniň Milli Mejlisiniň agzasy Atilla Kaýa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkiýäniň Türkmenistana kömek etmelidigini aýtdy. Ol, esasanam soňky döwürde türkmen-owgan serhedinde emele gelen dartgynlylygy göz öňünde tutup, Türkiýäniň Türkmenistana öz serhedini goramakda ýardam berip biljekdigine ünsi çekdi.

Azatlyk Radiosy: Siz bir habar gullugyna beren interwýuňyzda, Owganystan serhedindäki ýagdaýlar barada Türkiýe hökümeti Türkmenistana kömek etmeli diýipsiňiz. Siziň şeýle çagyryş etmegiňiziň sebäbi näme?

Atilla Kaýa: Owaly bilen dünýä türkmenlerine salam aýdýaryn. Türkmenler häzirki döwürde - ilki bilen-de Siriýadaky we Yrakdaky türkmenler – dürli ýurtlarda, bir tarapdan, režimleriň, beýleki tarapdanam, “Yslam döwleti Yrak we Lewant” diýlen terror guramasynyň gysyşy hem hüjümleri astynda kyn ýagdaýda galýarlar. Şonuň üçinem Alladan türkmen doganlarymyza ýardam dileg edýärin. Meniň eden çagyrşym, “Al-Kaýdanyň” we oňa degişli käbir toparlaryň Owganystan tarapdan gelip, Türkmenistana edýän hüjümleriniň örän üns bermeli ýagdaýy döredýänligi bilen bagly. Elbetde, Türkmenistanyň özem muňa garşy gerekli taýýarlyklary görüp biler. Muňa garamazdan, Şonda-da biz Türkiýäni, terrorçylyga garşy göreşdäki bar bolan maglumatlaryna we tejribelerine daýanyp, bu ugurda Türkmenistana elinden gelen kömegini gaýgyrmazlyga çagyrdyk.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin BMG ýa-da ÝHHG ýaly halkara guramalar däl-de, eýse Türkiýe hökümetine şeýle çagyryş etdiňiz? Munuň bir aýratyn sebäbi barmy?

Atilla Kaýa: Meniň pikirimçe, BMG we ÝHHG ýaly halkara guramalaryň bu ugurda edip biljek işi ýokmuka diýýärin. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary sebitdäki öz bähbitlerinden ugur alyp, hödürlenýän islendik teklibiň garşysyna weto goýup bilýärler. Türkiýäniň bolsa terrorçylyga garşy göreşde köp ýyllyk tejribesi bar. Türkiýe tejribelerini, ylaýta-da doganlyk Türkmenistan bilen paýlaşyp biler.

Azatlyk Radiosy: Halk wekili Atilla Kaýa, Türkiýe Türkmenistana nähili aýratynlykda kömek bermeli, ýagny goşun ibermelimi, ýarag bermelimi ýa-da harby tälim kömegini bermelimi? Kömek diýmek bilen nämäni göz öňünde tutýarsyňyz?

Atilla Kaýa: Çagyryşymda, Türkiýe terrorçylykly guramalaryň alyp barýan işleri, pirimleri, olaryň edýän hereketleri barada bilýän maglumatlaryny Türkmenistan bilen paýlaşyp, bolup biläýjek hüjümleriň öňüniň alynmagyna goşant goşup biler diýdim. Terrorçylaryň howpunyň öňüniň alynmagy babatdaky ilkinji we iň möhüm edilmeli iş olar barada dogry we anyk maglumatlara eýe bolmaklykdyr.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikriňizçe, aýdyşyňyz ýaly, bu Türkmenistanyň Owganystan serhedinden gelip biljek hüjümleriň öňüni almagyna ýeterlik bolarmy?

Atilla Kaýa: Bu ýerde esasy göz öňünde tutulmaly iki möhüm ýagdaý bar. Birinjisi, “Al-Kaidanyň” Türkmenistana garşy taýýarlaýan güýji, ikinjisi, terror guramasynyň Türkmenistanyň içinden özüne güýç alyp biljek sosial ýagdaýlardyr. Olaryň Türkmenistandan güýçli jemgyýetçilik goldawy alýandygyna ýa-da alyp biljekdigine ynanmaýaryn. Türkmenistanyň öňünden toplanylýan maglumatlar we bu ugurdan zerur harby goldawlara daýanyp, şeýle hüjümleri täsirsiz ýagdaýa getirip biljek güýje eýedigine ynanýaryn. Men kömek diýenimde, ähli harby goldawlary göz öňünde tutup aýtdym.

Azatlyk Radiosy: Halk wekili Atilla Kaýa, Türkmenistana harby kömek etmeli diýen çagyrşyňyza Türkiýe hökümetinden nähili jogap aldyňyz ýa-da nähili jogaba garaşýarsyňyz?

Atilla Kaýa: Şu wagta çenli hiç hili jogap gelmedi. Dogrusyny aýtsam, çagyrşym oňaýsyz täsir döretmedi. Ýöne mundan owal Türkmenistanyň öz syýasatyny täzeden gözden geçirip, türki dilde gepleşýän ýurtlaryň özara guramalarynda we hyzmatdaşlyklarynda hökman orun almagy gerek diýip pikir edýärin. Muny Türkmenistanyň howpsuzlygy, durnuklylygy üçin gerek bolşy ýaly terrorçylyga garşy göreş taýdan hem ähmiýetli hasaplaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Halk wekili Atilla Kaýa, bu meseläniň Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýä saparynda orta atylmagyna garaşýaňyzmy?

Atilla Kaýa: Meniň pikrime görä, bu mesele hökman geňeşiler. Hatda prezidentleriň duşuşygynyň gün tertibindäki iň esasy tema - Türkmenistanyň Owganystan serhedindäki howpsuzlyk problemalary bolup biler.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:58 0:00

XS
SM
MD
LG