Sepleriň elýeterliligi

Müňlerçe adam Nemtsow bilen hoşlaşdy


Boris Nemtsow bilen hoşlaşyk çäresi, Moskwa, 3-nji mart, 2015.

Boris Nemtsow bilen hoşlaşyk çäresi, Moskwa, 3-nji mart, 2015.

Orsýetlileriň müňlerçesi 27-nji fewralda öldürilen oppozisiýa lideri we prezident Wladimir Putiniň berk tankytçysy Boris Nemtsowa soňky sapar hormat bildirmek üçin onuň bilen hoşlaşyk çäresine gatnaşdy. Kremliň golaýynda atylyp öldürilen syýasatçynyň ölümi soňky ýyllarda ýurtda bolan iň täsirli waka boldy.

Nemtsowyň açyk tabydy Moskwanyň raýat hukuklary ugrunda göreşýän abraýly jemgyýetçilik guramasy bolan “Saharow merkezinde” goýuldy.
Nemtsowy Moskwanyň Troýekurowskoýe gonamçylygynda jaýlamak üçin onuň tabynyň yzyndan ulag gelende-de hoşlaşmak üçin baran adamlaryň uzyn nobatlary binanyň daşynda henizem bardy.

“Orsýet azat bolar!”

Gül desselerinden doly koçäniň ugrunda ýygnanan adamlar Nemtsowyň jesedini alyp giden ulagy “Orsýet azat bolar!” diýen şygarlar bilen ugratdylar.
“Men oňa hoş diýmedim, sebäbi gahrymanlar hiç wagtda ölmeýärler”, diýip parlamentde galan köp bolmadyk oppozision syýasatçylaryň biri Dmitriý Gudkow aýtdy.

“Saharow merkeziniň” içinde goýlan tabynyň daşynda kerpiçden edilen diwarlarda asylan ak-gara reňkli suratlarda Nemtsowyň premýer-ministriň orunbasary bolan döwri we 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzýany demokratiýanyň aýaga galmagy baradaky umytlary döreden döwürden başlap, Kremliň tankytçylarynyň aýdyşy ýaly, Putiniň goly astynda başga pikirlilige basyş döwrüne çenli geçen syýasy ýoly gorkezildi.

Nemtsow bilen hoşlaşmak üçin baran adamlar Putiniň häkimiýet başyna geçmegi bilen soňky 15 ýylyň dowamynda öldürilen ençeme tanymal orsýetliler bilen hem hoşlaşmak üçin mundan öň geçirilen jemgyýetçilik däbine görä, tabynyň deňinden geçmek bilen merhuma öz hormatyny bildirdiler.

“Boris Nemtsow orsýet intelligensiýasynyň we oppozisiýasynyň iň abraýly wekilleriniň biridi. Indi onuň ýeri boşap galdy”, diýip 43 ýaşly öý hojalykçy Ýelena Ustinowa aýtdy.

Putiniň birinji prezidentlik möhletinde premýer-ministr wezipesinde işlä, häzir bolsa Orsýetiň prezidentiniň syýasy garşydaşy Mihail Kasýanow “Nemtsowyň hakykaty aýdandygy sebäpli, ençeme adam üçin duşmana öwrülendigini aýtdy we “sebäbi köp adam hakykaty eşitmek islemeýär” diýip belledi.

1990-njy ýyllarda prezident Boris Ýeltsin döwründe reformaçy resmileriň biri bolan, häzir Nanotehnologiýalar boýunça döwlet kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýän Anatoliý Çubaýs Boris Nemtsowyň “25 ýyllap basyş astynda bolandygyny aýtdy.

“Ol hiç haçan, hiç kime dönüklik etmedi” diýip Çubaýs belledi.

Daşary ýurtly resmiler

Ýewropaly syýasatçylaryň ençemesi, şol sanda Polşanyň senatynyň spikeri Bogdan Borusewiçz Nemtsow bilen hoşlaşyk çäresine gatnaşmak üçin özlerine Orsýetiň resmileri tarapyndan rugsat berilmändigini aýtdylar.

Latwiýaly kanunçykaryjy Sandra Kalniete özüniň Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda yzyna gaýtarylandygyny Frans Press agentligine (AFP) aýtdy.
Nemtsowyň jaýlanyş çäresine gatnaşan ýokary derejeli daşary ýurtly resmileriň arasynda Latwiýanyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus boldy.
ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi John Tefft hem çärä gatnaşdy.

Putin gatnaşmady

Nemtsowyň öldürilmegini ýurdy durnuksyzlandyrmak üçin edilen “prowokasiýa” diýip atlandyran Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hoşlaşyk çäresine gatnaşmady we öz tarapyndan az tanalýan parlament agzasy Garry Minhi ugratdy.

Alekseý Nawalnynyň Nemtsowyň jaýlanyş çäresine gatnaşmak üçin tussaglykdan goýberilmegini sorap eden ýüzlenmesi Moskwanyň sudy tarapyndan ret edildi.

Moskwanyň Troýekurowskoýe gonamçylygy 2006-njy ýylda atylyp öldürilen derňewçi žurnalist we Kremliň berk tankytçysy Anna Politkowskaýanyň hem jaýlanan ýeri.

XS
SM
MD
LG