Sepleriň elýeterliligi

Aýdylyşyna görä, onuň adamsymyş. Işigaýdan diýsäni. Ol hemme zady ýaşyrýar.

Biziň şäherimizde erkek adamlar şeýle akmaklary, gije öýünden çykaryp, elem-tas edýärler. Şularam özüni erkek saýýandyrlar...

Namys jenaýaty

Zenan, ýere serlip, ýatan ýerinde doňup galypdy. Ýarym gara, ýarym goňur saçlary bulam-bujar ýagdaýda asfaltyň üstünde akyp giden gyrmyzy ganyna bulaşypdy.

Kese ýatan ýüzünde gorkudan peträp çykara gezek gelen ala gözleri, gurjaklaryň çüýşe gözleri ýaly, duýgusyz we manysyz bakýardylar…

Duýdansyz bolan hadysanyň täsirinden doňup galan satygçy aýal biraz salymdan soň özüni dürsäp, çalasynlyk bilen özüni gapdaldaky dükana zyňdy. Müşderä seredip duran taksiniň sürüjisi gorka-gorka, ýere serlip ýatan zenanyň ýanyna baryp, elini onuň boýnun damarynyň üstüne goýdy. Daş-töweregine adamlar üýşmäge başlady. Sürüji, onuň ýürek urgusyny göýä öz bokurdagynda duýan ýaly, zordan ýuwdunyp, seslendi:

- Ölmändir...

Bu söz eşidilensoň, daş-töwerekde hereket başlandy. Adamlar biri-birine "Diri, ýaşaýar" diýip, tijenmäge başladylar. Bir adam "Tiz kömege jaň ediň" diýip gygyrdy, ýene biri "edildi" diýip, oňa jogap berdi. Bir garry mama ýüzüni asmana dikip, jaýyň inini-boýuny synlap, sorag berdi: "Nirden zyňdy bu betbagt gyz özüni?"...

Adamlaryň käbiri şol bada kellesini galdyryp, ýokaryk seretdiler. Emma ýaş zenanyň nireden aşak gaçandygy olary näme üçin gyzyklandyrmalydy ahbetin?

Kim-de kim, zenanyň ýanyna baryp, ony ellemek islese, adamlaryň biri baryp ony bir gapdala çekýärdi; "Näme edýärsiň, ellemek bolanok, goý, doktor gelsin". Adamlardan biri elindäki çüýşäniň gapagyny açyp, suwy öz kellesinden guýdy. Birden märekede dowul döredi. Biri telefonyny çykaryp, adamlaryň geňirgenmegine garamazdan, surata düşürmäge başlady. Käbir adamlar gijä galan tiz kömege sögmäge başladylar. Birden polis ulagynyň sesi köçäni ýaňlandyrdy. Şol bada bu habary eşiden telekanallaryň, bir çemçe bala üýşen siňek ýaly, işgärleriniň topalaňy turdy we yz ýanyndanam garaşylýan ”Tiz kömek” hyzmaty geldi.

Doktor ylgap gelip, märekäni böwsüp, hassanyň damar urgusyny barlady. Märekäniň hasam ünsüni özüne çekmek isleýän ýaly kärdeşine täsin görnüşde ümläp, zenanyň boýnuny goraga alar ýaly kömek isledi. Hassahananyň işgärlerem enjamlary bilen kömege ýetişdiler. Doktor birden kellesini ýokaryk galdyryp, jaýyň çür depesine seredip:

- Näçinji gatdan gaçdyka? – diýip sorady.

Ony gören adam ýokdy. Doktor kärdeşlerine ümledi. Zenany göterip, ulaga äkitdiler. Polis daş-töwerekdäkileri soraga çekmäge başlady. Geň galaýmaly, ol zenany hiç kim tananokdy. Hiç kim şu wagta çenli ony görmändi we onuň bilen baglanyşykly hiç kimiň maglumaty ýokdy. Şaýatlaryň düşündirişleri alyndy. Satygçy zenan we taksi sürüji, sandyrap-sandyrap, "Eý, Hudaý nirden düşdük beýle güne? Indi eýläk-beýläk entedip, heläk ederler" diýip,

zarynlap-zarynlap, düşündirişlere gol çekip, märekeden çetleşdiler. Doktor ”Tiz kömek” ulagyna münjek bolanda, märekeden biri batyrgaýlyk edip:

- Sag galarmyka indi şol jaýdan gaçan? - diýip sorady.

Doktor aladalysyran bolup:

- Alla bilýär, biz nireden bileli? - diýip, märekeden saýlanyp gitdi.

Adamlar ýuwaş-ýuwaş dargamaga başladylar. Ol jaýdan çykyp gelenlerem, yzyna dolandylar. Köçeden geçip barýanlar öz ýoluny dowam etdiler. Taksi ulaglarynyň sürjüleri mähelläniň çetindäki çaýhana gaýtdylar. Polisiň ulagy hem gidenden soň, dym-dyrslyk boldy.

Ýaňyja zenanyň serlip ýatan ýerinde dökülen gan çaýkanyp ýatyrdy. Golaýdaky dükanlaryň biriniň hojaýyny işgärine ýüzlendi:

- Aý, pylany, hany suw getirip dök şu ýere. Betbagtyň gany akyp gitsin. Bolmasa mör-möjek üýşer ýatar bu ýere...

2

Zenan aşhanada hüňürdäp, öz aladasy bilendi. Gap-çanaklar ýuwlup, tutawaçlar gaty açylyp-ýapylýardy. Gelin elindäki gap-çanaklary saçagyň üstüne goýuşyryp ýörkä, onuň bir gulagy gapydady, äriniň gelmegine garaşýardy: "Käşgä basymjak gelsediň, munuňam sesi sem bolardy. Dyngysyz azar boldy meniň başyma. Menden näme algy-bergisi barka?"... Gaýynenesi gazandan elini çekip, gözlerini alardyp, gelne çiňňerildi:

- Ertirden bäri ýöne ýuwlup dur şu eşinbaşlar. Haçan asjak, haçana gurajak, haçan ütüklenjek?

Soň öz-özi hüňňürdemegini dowam etdi:

- Şularam özüne aýal diýýär. Şularam aýal, hä! Eginbaşlary maşyn ýuwýar, gap-çanagy maşyn ýuwýar, öýi maşyn ýuwýar. Bular näme edýärler, men bilemok? Ogluma haýpym gelýär. Her aý munuň maşynlarynyň tok puluny tölejek bolup, jany çykýar... Biz aýal bolup bilmändiris öýdýän? Şöhlesiz çyraň astynda azap çekip, çörek nobatlarynda basgylanyp, ýyrtyk-ýamalary biri-birne ýelmäp, çaga ulaltdyk. Indem, ynha, aýal gelip, maşynyň ýuwan eginbaşlarynam sermäge ýaltanýar...

Gelin eginbaşlary kir ýuwýan maşyndan çykaryp, sebede saldy we sessiz-üýnsüz balkona çykdy. Gaýyn ene onuň arkaýynlygyndan biraz ynjalyksyzlandy, ýene hüňürdedi:

- Bizi haýwan hasaplaýar. Göýä it üýrýän ýaly, piňine-de däl...

Gelin balkonyň gapdalyna daňlan eşik serilýän ýüpe eginbaşlary asmaga başlady. Gaýyn ene onuň yzyndan baryp, balkondan aşak seretdi. Säher wagty balkondan gaçan zenanyň ganynyň yzlary henizem görünýärdi.

- Görýäňmi ýere gaçyp nähili gynanypdyr? Bir gün, ynha, menem bizar bolup özümi şu altynjy gatdan aşak zyňjak. Menden dynarsyňyz şeýdip...

Gelin hyrçyny dişläp, içini gepletdi: "Senem bir, heý, özüňi zyňarmyň? Başarsaň, eglenmän meni iteklärsiň aşak, menden dynsam diýip"...

3

Üç sany ýaş gyz basgançaklardan eda bilen ýokaryk çykyp barýardylar. Olaryň arasyndaky, görnüşi şäher gyzyna meňzemeýän biri, olaryň başyny çekýärdi. Ol şeýle diýdi:

- Beýleki toparymyzda Almaz bardy bilýäňizmi, äre baran? Aýdyşlaryna görä, şol ekeni ýere gaçan...

Ikinji gyz, ýüzüni çytyp, pessaý äheňde:

- Bolup bilmez! Almaz bu ýerde näme işlesin? – diýip, jogap berdi.

Gyzlar toparynyň başyndaky gyz sesiniň badyny gataldyp:

- Aý, boýdaş, seniň janyňa hiç zat bolmazmy? Iki aý boldy birine gaçyp baranyna we hiç sapaga gelmedi. Aýdyşlaryna görä, oglan ony äkidenden soň bäş-on gün eýlede-beýlede gezdirip, soňam köçä taşlapdyr. Öýüne dolanmaga ýüzi galmandyr. Kakasam, gelse, öldürjek diýipdir... Şol ýokardaky ýokmy? Ýokary wezipä göterildi diýilýän, ana şol ony tapyp getiripdir. Edil özüne taý. Öýe başga erkek adamlary, beýlekilerem getirýärler diýýärler...

- Ýokardakymy? Şol kiçijik çagalymy?

- Hawa, hawa, şol... Çagasam, Hudaý bilýär kimden bolduka. Pul gazanmaga ýagdaýy bolmansoň, indi Almazy ýanyna çekipdir...

Köp wagtdan bäri sesi çykmaýan üçünji gyz gürrüňe goşuldy:

- Almazy şu ýerde gören boldumyka?

Gyzlaryň başyndaky nägilelik bilen ýüzüni çytyp, şeýle diýdi:

- Gören bolmasa-da, aýdyşlarna görä, şol säher wagty ýere gaçan şoňa meňzeýärmiş... Çalymdaşlygny marketdäki satygçy aýtmady ahyryn? Elbetde, bir emmasy bar... Olam bärde näme etsin, ýokardakynyň ýanynda galmakdan başga? Kim bilýär, belkem, özi ony aşak itekländir?

Ikinji gyz gorkudan tisginip gitdi:

- Ýuwaş gürle, eşidäýmesinler, nämämize derkar? Onsoňam näme üçin iteklesin?

Gyzlaryň başyndaky pälinden gaýdar ýaly däldi, ol dowam etdi:

- Näme üçin zyňmasyn? Ýa onuň söýgülisini elinden alandyr ýa-da ir bilen az pul getirendir. Güman edişime görä söýgülisini elinden alan bolmaly... Göreňzokmy, onuň ýanyna gaty gelşikli biri gelip-gidýär ahyryn... Aýdylyşyna görä, onuň adamsymyş. Işigaýdan diýsäni. Ol hemme zady ýaşyrýar. Biziň şäherimizde erkek adamlar şeýle akmaklary gije öýünden

çykaryp, elem-tas edýärler. Bularam özüni erkek saýýarlar... Biri gapysyny kakyp sorandyr, aý, balam, edýän işiň näme, bu ýer seniň üçin haramhanamy?..

Üçünji horja gyz närazylyk bildirip, kellesini ýaýkady:

- Bähbit bolsun diý, bize näme... Özleri bilýär… - Ol sumkasyndan açary çykardy. Gyzlarbaşy bir bosaganyň öňünde saklanyp, birsalym ýokardaky goňşyny diňledi.

- Beh, dym-dyrslykla? Gynyna salnan ýaly. Aslynda, muny tutup äkiderler ýaly, aýtmagymyz gerekdi, şol gowy bolardy...

Ol aýalyň ýanyna gelip-gidýän gelşikli adamy ýatlap, gülümjiredi...

4

Gyzlaryň bolýan gatynyň ýokarsynda, dördünji gatdaky zenan bäş ýaşyndaky oglunyň naharyny iýdirýän mahaly daňdandan bäri kellesini gemirýän pikirleriň penjesinden sypyp bilenokdy. Äri bu agşam geljek däldi. Olaryň maşgala durmuşyna garşy çykýan kakasyndan gorkýandygy sebäpli her agşam gelip bilenokdy. Üç-bäş gün arakesme bilen gijäň bir wagty, goňşular aýak çekenden soň gizlinlikde gapyny kakyp, bir-iki sagat galyp, yzyna gidýärdi. Nikadan geçen günlerinden bäri onuň bu öýde daňyny atyran wagty ýokdy. Kakasyndan, edil itiň eýesinden gorkuşy ýaly, gaty erbet gorkýardy... Emma welin, näçe gizlinlikde hereket edýänem bolsa, gybatkeş goňşularyň ünsüni özüne çekipdi we ol erkek adamyň özüni gizlejek bolup edýän hereketleri iş ýüzünde bile ýaşaýan aýalyny äsgermezçilige öwrülipdi. Köpgatly jaýda ýaşaýan aýallar öz çagalaryna onuň ogly bilen oýnamaga hem rugsat bermeýärdiler. Çörek dükanynyň bahyl satygçysy hem oňa gözüni süzen bolup seredýärdi. Köçäniň ugrunda üýşüp duran ýaşlar hem oňa lak atýardylar. Munuň üstesine, güzeran aýlar ýaly ibaly bir işem tapyp bilmändi. Doganlary maşgaladan ýekirlendigi üçin ondan el çekipdirler. Ejesi görgüli doganlaryndan gizlinlikde käwagt aýda iki-üç gezek bazardan oduk-buduk alyp, oňa getirip gidýärdi.

Gazanjynyň her köpügi üçin olara hasabat berýän äri bolsa öz maşgalasyny gözgyny ýagdaýda saklaýardy...

Ol şäher wagty köçede turan goh-galmagaly eşidip, daşaryk çykypdy... Ýere serlip ýatan zenany gören mahaly gaty erbet bolupdy. Ölüm, edil durmuşda bolşy ýaly, hut öz gözüniň alnynda garalyp ýatyrdy. "Ölüp, janyny halas etdi" diýen pikir kellesine gelenem bolsa, daş-töwerekdäkileriň "Entek janly", "Belki şikes galar", "Wah, maýyp galdy-da, haýp" diýen sözlerini eşidip, pikirdenem saplanyp bilmän, aňk-taňk bolup galypdy. Ölümden gorkanokdy, oglunam gaýgy edenokdy. Kakasy her näme-de bolsa ony ýany bilen äkitjekdi ýa-da daýylary eýe çykjakdy... Her nähilem bolsa çagasyna hossar çykjak bardy... Ýöne özüni balkondan zyňan zenanyň diri galmagy onda gorky döredipdi...

Çagajyk eli bilen çemçäni itekledi... Zenan demigip, balkona çykdy. Biygtyýar aşak seretdi... Ini dyglap gitdi. Başaryp biljek däldi. Birden ölmän galaýmaýyn diýen gorky onuň ölüm baradaky pikirine böwet bolýardy.

5

Birinji gatdaky kiçijik otagda ýaşaýan är-aýal agşam naharyna taýýarlanypdy. Aýaly saçagy getirip, adamsynyň öňünde goýdy. Olar ýüzbe-ýüz boldular:

- Ertir irdenki waka nähili gutardy, gördüňmi? Hossary tapyldymyka naçaryň?

Adamsy kellesini ýaýkady:

- Hossary bolan biri, heý, özüni şeýle belent ýerden aşak zyňarmy? Gördüňmi, hiç kimem tanamady. Özi, ýörite hiç kimiň tanamaýan ýerine gelip, tanaýan tapylmaz ýaly, özüni ýere oklapdyr...

Çemçe bilen naharny bulap çuňňur oýa batdy...

- Her gün biri özüni ýokardan oklaýar, özüni otlaýar, özüni asýar... Ýaş janlaryna haýpym gelýär. Bulara eýe çykan bolmazmyka?...

6

Mähelledäki köpgatly jaýlarda ýaşaýan erkek adamlar çaýhana üýşüp, telewizoryň sesini gataldypdyrlar. Agzyň diýenini gulak eşidenok diýleni... Habarlar ýaňy başlapdy...

7

Hassahananyň bu bölümi bir adamlykdy. Erkek adam kellesi saralan zenanyň ellerini aýasyna alyp otyrdy. Zenanyň dodagy ýarylypdyr. Gözlerniň aşagyna bolsa gan öýlüpdir.

Şepagat uýasy nobatdaky sanjymyny edip, otagdan çykdy. Birden dym-dyrslyk boldy. Zenan gabaklaryny zordan galdyryp, dodaklarny çalaja gymyldadyp:

- Senem alada goýdum... – diýdi.

Erkek adam gaty kynlyk bilen gülümjiredi, şonda-da ýüzünden elhenç gorkynyň täsiri aýrylyp gitmändi. Ol şeýle jogap berdi:

- Ezizim, beýle pikir etmegiň gowy däl. Hemme zadyň geçdigi bolsun. Esasy zat saňa erbet zat bolmady.

Zenan ýatan ýerinde gobsunmak isledi. Kellesini zordan galdyryp, aýaklarna seretdi we olary gymyldatmak isledi. Barmaklaryny azajyk hereket etdirip, kellesini ýaňadandan ýassyga goýdy, sorady:

- Sen aldaňok gerek? Şikes galmaz, şeýle dälmi?

- Ýok, ezizim, doktor näme diýdi, eşitmediňmi? Bir salym bu taýda ýatarsyň, ýeňilräk bejergiden soň çykaryp goýbererler...

- Emma gül ýaly öýi taşladyk. Gaýdyp öýüň eýesi biziň ol ýere dolanmagymyza razy bolmaz.

- Ýok, beýle däl. Jaň etdi. Açary eltip berdim. Diňe: "Ertir polis geler öýüme, başymy kyn güne saldyňyz" diýdi... Gowy ýeri ýene birinji gatdan gaçypsyň... Men saňa näçe gezek özbaşyňa gitme diýipdim...

Zenan puşman bilen erkek adama seretdi:

- Goş-golamlar daşalmanka, öýi arassalamak isledim. Arassa howadan dem alaýyn diýdim. Balkonyň demirlerinde çyrmaşyk güller gurap galypdyr. Elimi uzadyp, olary arassalamak isläpdim... Ýere güpläp düşjegimi nireden bileýin?.. - Gapa seretdi: - Gitdilermi?

- Hawa, hemmesi gitdi. Hadysanyň bolan ýerine ertir irden serederis diýdiler. Düşündiriş aldylar, soňam gitdiler...

- Seniň göwnüňe degerler... Saňa azar boldum... - zenanyň sesi gynançly titräp çykdy...

- Meniň göwnüme deger ýaly näme bolupdyr. Balkondan ýykylanyňy gören bolmasa-da, meniň şol wagt işdedigimi tassyklaýan iş dokumentim bar... Biynjalyk bolma, iki günde işi tamamlarlar...

Zenan kellesini otagyň bir burçunda goýlan telewizora tarap öwürdi. Sesi ýapylanam bolsa, habarlary alyp barýanyň janygyşy ünsi çekýärdi.

- Surata alypdyrlar öýdýän. Telewizorda görkezseler, meşhuram bolarys indi...

Erkek adam telewizoryň sesini açyp, gataltdy. Alypbaryjy zenan ähli şum habarlary çintgäp-çintgäp, ahyrynda ertir irden bolan hadysanyň üstünden bardy:

- Şu gün Bakuw şäherinde bir zenan özüni köpgatly jaýyň üstünden aşak zyňyp, janyna kast etmäge synanyşyk edipdir. Wakada agyr ýaralananam bolsa, ony halas edipdirler. Hadysanyň namys jenaýaty sebäpli bolandygy aýdylýar. Barlaglar dowam edýär...

Erkek adam zenana, zenanam erkek adama seretdi. Erkek adam gahar bilen telewizory ýapdy:

- Şeýle habardan soň, heý, ol jaýda ýaşap bolarmy?

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG