Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“AI” guramasy Eýrana çagyryş etdi


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Amnesty International” guramasy Tährany ölüm jezasyna höküm edilen alty sünni adamyň janyny halas etmäge çagyrdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän topar, dardan asyljak alty adamyň açlyk yglan edendigini aýdýar.

Şeýle-de, bu toparyň maglumatynda, gürrüňi gidýän alty adamyň “Hudaýa garşy duşmançylyk etmekde” günäli tapylandan soň, ölüm jezasyna höküm edilendigi bellenilýär.

Eýranyň türme resmileri gürrüňi gidýän tussaglaryň öz hossarlary bilen iň soňky gezek duşuşyp biljekdigini mälim edensoň, tussaglaryň dogan-garyndaşlary Karajdäki tussaghana baryp başladylar.

Tussaglaryň dört sanysy – Hamed Ahmadi, Jahangir Dehgani, Jamşid Dehgani we Kamal Molai 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda sünni ruhanysyny öldürmekde aýyplanýar. Emma olar özleriniň ruhany öldürilmezden birnäçe aý öň tussag edilendigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG