Sepleriň elýeterliligi

Hodges: Ukrainada 12 müň çemesi rus goşuny bar


Birleşen Ştatlaryň harbysy 12 müň çemesi rus esgeriniň gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere goldaw berýändigini çaklaýar.

Birleşen Ştatlaryň armiýasynyň Ýewropa boýunça komandiri Ben Hodges gündogar Ukrainadaky rus güýçleriniň harby maslahatçylardan, ýaraglary dolandyryjylardan we uruş güýçlerinden ybaratdygyny aýdýar.

Şeýle-de, Hodges geçen ýyl Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Krym sebitinde 29 müň çemesi rus esgeriniň bardygyny belleýär.

Hodges 3-nji martda Berlinde eden çykyşynda “haçanda Russiýada eneler öz ogullarynyň yzyna ölüsiniň gelýändigini görende, ýurduň içinde Wladimir Putine berilýän goldaw azalar” diýdi. Şol bir wagtyň özünde, Russiýa gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere goldaw berýändigi baradaky maglumatlary ret edýär.

XS
SM
MD
LG