Sepleriň elýeterliligi

Ankara: Energiýa, gurluşyk maslahat edildi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç), Ankara, 3-nji mart, 2015.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç), Ankara, 3-nji mart, 2015.

Ankarada türkmen gazynyň Türkiýäniň üstünden Ýewropanyň bazarlaryna akdyrmak meselesi maslahat edildi. Bu barada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen sişenbe güni geçiren bilelikdäki metbugat-konferensiýasynda aýdandygyny türk mediasy habar berdi.

“Türkmenistan Merkezi Aziýany Hazar deňzi arkaly halkara bazarlary bilen baglanyşdyrmak üçin möhüm ýerde ýerleşýär” diýip, Erdoganyň sözünden sitata getirilýär.

Habar berlişine görä, Erdogan Türkmenistan bilen energiýa we transport ugrundaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ähmiýetini artdyrýandygyny belläpdir.

Ankaradaky gepleşikleriň dowamynda tebigy gazyň Türkmenistandan Türkiýä akdyrylmagy meselesinde Türkiýäniň we Türkmenistanyň garaşýan netijeleriniň meňzeşdigi bellenildi.

Üç taraplaýyn mehanizm

Erdogan bu meselede regionyň beýleki ýurtlary, esasan hem Azerbaýjan bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygyny belläp, Türkiýänyň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda üç taraplaýyn mehanizmiň geçen ýylda işläp başlandygyny aýtdy.

“Biz muny liderler derejesinde gozgamak we mehanizm boýunça ilkinji duşuşygy şu ýyl Türkmenistanda geçirmek kararyna geldik” diýip, Erdogan nygtady.

Türk neşirleri häzirki wagtda Türkiýäniň Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň bu gazy gaýtadan eksport etmegi arkaly alýandygyny we türkmen gazyny Türkiýäniň üstünden Ýewropa akdyrmak üçin bir potensial ýoluň Azerbaýjanyň üstünden, beýlekisiniň Türkiýäniň üstünden geçýändigini habar berýärler.

Azerbaýjanyň gazyny Gürjüstanyň, Türkiýäniň we Gresiýanyň üstünden Ýewropanyň bazarlaryna akdyrmak boýunça proýektiň bir bölegi bolan Trans-Anadoly tebigy gaz geçirijisiniň (TANAP) 2019-njy ýylda gurlup gutarmagyna garaşylýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda bu gazgeçiriji arkaly türkmen gazyny hem akdyrmak barada çäkli ylalaşyga gelindi.

Şonda iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda “Türkmengaz” döwlet kompaniýasynyň we Türkiýäniň “Atagaz” hususy şirketiniň arasynda türk tarapynyň türkmen gazyny TANAP gazgeçirijisi arkaly alyp-satmagy barada ylalaşyga gol çekilendigini “Zaman” neşiri habar berdi. Emma bu neşir şol ylalaşygyň jikme-jik taraplarynyň üstüniň açylmandygyny belledi.

Habar berlişine görä, Türkiýäniň prezidenti Erdogan Aşgabada eden şol saparynda Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynyň Türkiýe üçin möhümdigini belläpdi.

Türkmenistan we türk gurluşykçylary

Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýä eden häzirki saparynyň dowamynda türk kärhanalarynyň Türkmenistan bilen gurluşyk ugrundaky hyzmatdaşlygy meselesi hem gozgaldy.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň prezidentleriniň Ankarada geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistanyň türk kontraktçylary üçin Merkezi Aziýada iň gowy ýurtdugyny aýtdy.

Erdoganyň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2014-nji ýylda 6 milliard dollardan geçipdir.

Habar berlişine görä, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow “geçen ýylda söwdamyzyň derejesi 26% ýokarlandy diýip tassyklapdyr.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, ýurtda amala aşyrylýan iri gurluşyk proýektlerine türk kompaniýalary giň derejede gatnaşýar. Soňky ýyllarda olaryň onlarçasy Türkmenistandan şikaýat edip, halkara sudlaryna ýüz tutdy. Olardan biri Türkiýäniň ”Sehil” kompaniýasy 13-nji fewralda Inwestisiýa dawalaryny çözýän halkara merkeziň tribunaly tarapyndan öz şikaýatynda hakly diýlip yglan edildi.

XS
SM
MD
LG