Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Sahaliniň häkimi tussag edildi


Russiýanyň uzak gündogarynda ýerleşýän Sahalin regionynyň häkimi para almakda aýyplanyp, korrupsiýa bilen baglanyşykly derňewleriň bir bölegi hökmünde 4-nji martda eli gandally Moskwa getirildi.

Russiýanyň Derňew komitetiniň metbugat sözçüsi Wladimir Markiniň aýtmagyna görä, Sahalin regionynyň häkimi Aleksandr Horoşawin we onuň birnäçe ýarany “uly möçberde para almakda” şübhelenilýär.

Markiniň habarçylara beren maglumatyna görä, polisiýa Sahalinde, şeýle-de Moskwada we onuň töweregindäki regionlarda Horoşawine we onuň ýaranlaryna degişli öýlerde uly möçberde nagt pul we gymmat bahaly şaý-sepleri tapypdyr.

Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugynyň direktory Aleksandr Bortnikowyň maglumatynda Horoşawiniň “adaty” korrupsiýa işi bilen baglanyşykly tussag edilendigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG