Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik aktiwistine 17 ýyl kesildi


Täjik paýtagty Duşenbäniň sudy asly täjigistanly bir raýaty prezidenti kemsitmekde, ekstremist işleri etmäge çagyryş etmekde we ýurtda gadagan edilen “Group 24” atly oppozision hereketiň agzasy bolmakda aýyplap, 17 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Şeýle-de, täjik paýtagtynyň Ismoili Somoni etrap sudynyň 4-nji martda çykaran kararynda, Umedjon Solehowyň türme tussaglygy tamamlanandan soň, bäş ýyla çenli biznes işleri bilen meşgullanyp bilmejekdigi bellenilýär.

Solehow Russiýadaky täjik zähmet migrantlarynyň üýşmeleňini görkezýän wideoda görünenden soň, geçen ýylyň oktýabr aýynda tussag edilipdi. Şol wideoda täjik zähmet migrantlary Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň wezipesinden çekilmegi üçin çagyryş edýärler.

Solehow gaçgaklykdaky täjik oppozisiýa lideri Umarali Kuwatowyň “Gorup 24” atly hereketiniň hiç haçan agzasy bolmandygyny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG