Sepleriň elýeterliligi

Boşkortostanyň, Tatarystanyň liderleri Bişkege bardy


Russiýanyň türki dilli iki respublikasynyň liderleri, Gyrgyzystan Russiýanyň liderligindäki “Ýewraziýa ykdysady bileleşigine” goşulmaga taýýarlyk görýän mahaly, Bişkege sapar etdiler.

Boşkortostanyň prezidenti Rustem Hamitow iş sapary bilen 3-nji martda Gyrgyzystana bardy we ol 4-nji martda gyrgyz premýer-ministri Joomart Otorbaýew bilen gepleşikleri geçirdi.

Gyrgyz hökümetiniň metbugat gullugynyň ýaýradan maglumatynda, gepleşikleriň gün tertibinde Boşkortostan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ykdysady we medeni hyzmatdaşlyklar barada gürrüň ediljekdigi bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde, 3-nji martda Bişkekde Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşyp, tatar-gyrgyz ykdysady hyzmatdaşlyklary barada maslahat etdiler.

XS
SM
MD
LG