Sepleriň elýeterliligi

Putin: Polisiýa syýasy öldürmeleri çözmeli


Rus prezidenti Wladimir Putin Russiýa oppozision syýasatçy Boris Nemtsowyň öldürilmegi ýaly “masgaraçylykdan we tragediýalardan” özüni halas etmelidir we polisiýa syýasy jenaýatçylyklaryň üstüni açmalydyr diýdi.

4-nji martda Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň ýokary derejeli resmilerine ýüzlenip eden çykyşynda Putin, Nemtsow ýaly hökümet tankytçylarynyň öldürilmeginiň Russiýanyň abraýyna zeper ýetirýändigine göz ýetirýän ýaly bolup görünýärdi. Nemtsow 27-nji fewralda Kremliň golaýyndaky köprüde atylyp öldürildi.

Putin rus telewideniýesinde göni efirde görkezilen çykyşynda: “Agyr jenaýatlara, şol sanda syýasy öwüşgün berlen jenaýatlara has köp üns berilmelidir” diýdi.

XS
SM
MD
LG