Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Energiýa hyzmatdaşlygy näme üçin başa baranok?


Gaz geçiriji stansiýa
Gaz geçiriji stansiýa

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada indi 20 ýyldan bäri gürrüň edilýär. Şol gepleşikler prezident Berdimuhamedowuň häzirki döwür Türkiýä edýän saparynyň dowamynda ýene bir gezek geçirildi.

Emma näme üçindir, bu gepleşikler iş ýüzünde netije berenok? Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir, şonuň ýaly soraglar bilen düýbi Ankarada ýerleşýän Gazi Uniwersitetiniň profesory Dr. Mehmet Seýfettin Erola ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy: Türk metbugatynda çap edilen maglumatlardan çen tutulsa, Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň Türkiýä edýän saparynyň dowamynda, esasan, energiýa hyzmatdaşlygy barada gürrüň edilipdir. Siziň şol gepleşikleriň mazmuny hakda nähili maglumatyňyz bar?

Türkiýeli bilermen Mehmet Seyfutdin Erol
Türkiýeli bilermen Mehmet Seyfutdin Erol

Dr. Seyfettin Erol: Türkiýe bilen Türkmenistanyň özara gatnaşygy energiýa pudagyna esaslanýar. Henize çenli bu meselede iş ýüzünde öňe hiç hili ädim ädilmese-de, Transhazar proýekti esasy tema bolup durýar.

Emma Türkiýe bilen Türkmenistanyň özara gatnaşygyny diňe energiýa pudagy bilen çäklendirmek mümkin däl, Türkiýe Türkmenistana dürli ugurlardan ýardam edýär. Ankaranyň Türkmenistanyň gaýtadan gurluşy boýunça aladalary gürrüňini etmäge mynasyp işleriň biri.

Şol bir wagtyň özünde-de ABŞ-nyň harby kontingentiniň esasy böleginiň Owganystany terk etmegi bilen, Türkmenistana bu ugurda abanaýmagy ahmal howpuň öňüni almakda Türkiýäniň oýnap biljek roly bilen bagly meseläniň-de bu iki ýurduň aragatnaşygynda gün tertibine girmegi mümkin.

Ýene bir tema hem Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda transport gatnawy meselesinde soňky döwürlerde Eýran geçelgesinde ýüze çykan käbir problemalar bilen bagly. Bu problema boýunça Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylary duşuşyp, Hazaryň üsti bilen täze gatnaw ýoluny gurmak hakda käbir teklipleri orta atdylar. Bu gepleşiklerden soň Eýran hem gürrüňi edilýän şol problemalar barada käbir oňaýly ädimleri ätdi.

Azatlyk Radiosy: Siz, esasan, üç tema ünsi çekdiňiz: energiýä hyzmatdaşlygy, türkmen-owgan serhedinde ýüze çykan täze howplar barada Türkiýäniň Türkmenistana edip biljek kömegi hem-de transport ugry boýunça hyzmatdaşlyk. Energiýadan başlasak, bu tema täzelik däl, emma iki ýurduň arasynda gaz meselesinde gürrüň köp-de, ýöne ädilen anyk ädim ýok. Munuň sebäbi näme?

Dr. Seýfettin Erol: Energiýa meselesi diňe Türkiýe bilen Türkmenistana degişli bolan tema däl, ençeme beýleki aktýorlaryň hem roly bar. Şeýlelikde regionde dowam edýän käbir beýleki ylalaşmazlyklar hem Transhazar ýaly proýektlere oňaýsyz täsirini ýetirýär.

Takyk bir mysal getireýin, Türkmenbaşynyň döwründe türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Türkiýä we Ýewropa akdyrylmagy göz öňünde tutulýardy. Emma ABŞ-nyň Eýranyň garşysyna girizen sanksiýalary netijesinde bu proýekt başa barmady.

Transhazar barada gürrüň edilende, bu ugurda Hazar deňziniň statusy bilen bagly soraglar sebäpli dürli kynçylyklar saklanyp galýar. Azerbaýjan bilen Eýranyň arasynda 2001-nji ýylda ýüze çykan dartgynlylyk, galyberse-de, hatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda dowam eden düşünişmezlikler ýaly faktorlar hem bar.

Munuň ýaly ýagdaýlar dowam eden halatynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň energiýa babatynda gürrüňini edýän proýektlerine girişmegi mümkin däl. Esasanam, Hazaryň statusy barada Eýran bilen Orsýetiň eýelýän pozisiýasy bu proýektlere hasam erbet täsir ýetirýär.

Emma şol bir wagtyň özünde-de, soňky döwürlerde dörän käbir dartgynly ýagdaýlar munuň ýaly energiýa proýektiniň, hatda Azerbaýjanydyr Gazagystany-da öz içine alýan proýektleriň gaýtadan gün tertibine girizilmeginiň zerurdygyny äşgär edýär.

Emma regionda çaknyşyklaryň dowam edýän häzirki pursatynda onuň amala aşmagy kyn, olaryň başa barmagy wagt talap eder.

Azatlyk Radiosy: Türkmen-owgan serhedinde emele gelen ýagdaý bilen bagly meselä ünsi çekdiňiz, Türkiýe bu ugurda Türkmenistana näme kömek edip biler?

Dr. Seýfettin Erol: Türkiýäniň esasy maksady regiondaky ýurtlaryň durnuklylygydyr. Emma ABŞ-nyň esgerleriniň esasy böleginiň Owganystany terk etmegi, şeýle-de ”Yslam Döwleti” ýaly söweşiji toparlaryň barha beter Owganystana we Pakistana aralaşmaga synanyşmagy hem-de agzalýan toparyň Merkezi Aziýa salmagy mümkin howpy ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulanda, elbetde, Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan bu ugurda käbir çäreler görülýär.

Bu nukdaýnazardan seredenimizde, Türkmenistanyň howpsuzlygy Owganystanyň howpsuzlygy bilen bagly. Türkiýäniň Owganystandaky täsiri bolsa, Türkmenistan we Merkezi Aziýada ýerleşýän beýleki ýurtlaryň nukdaýnazaryndan möhüm bir faktor bolup durýar.

Şonuň üçin Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň diňe energiýa we söwda bilen çäklenmän, gelejekde şonuň ýaly temalary hem öz içine almagy mümkin. Sebäbi serhedini goramak tagallasynyň çäginde Türkmenistan dürli mümkinçilikleri gözden geçirmeli bolar.

XS
SM
MD
LG