Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedowyň ejesi keselledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ejesiniň kesellemegi sebäpli Türkiýä saparyny gysgaldyp öz ýurduna dolandy.

Türkiýäniň Anadoly habar agentliginiň maglumatyna görä, ol çärşenbe gününe planlaşdyrylan gün tertibini ýatyryp irden yzyna dolanypdyr.

Bu habar Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki Altyn Asyr telekanaly tarapyndan hem tassyklandy, emma prezidentiň ejesiniň saglyk ýagdaýy hakda jikme-jik maglumat berilmedi.

Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Stambulda planlaşdyrlan gün tertibinde prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşyk hem göz öňünde tutulypdy. Türkmen delegasiýasy Stambulda planlaşdyrylan çärelerini prezidentsiz dowam etdirer.

XS
SM
MD
LG