Sepleriň elýeterliligi

Putin: Syýasy jenaýatçylyklaryň üstüni açmaly


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Içeri işler ministrliginiň maslahatynda, 4-nji mart, 2015.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Içeri işler ministrliginiň maslahatynda, 4-nji mart, 2015.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň oppozision lider Boris Nemtsowyň öldürilmegi ýaly “masgaraçylykdan we betbagytçylykdan” saplanmalydygyny we polisiýanyň syýasy jenaýatçylyklaryň üstüni açmalydygyny aýtdy.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň baştutanlarynyň öňünde 4-nji martda eden çykyşynda Putin hökümetiň ýiti tankytçysy Boris Nemtsowyň 27-nji fewralda Kremliň golaýynda atylyp öldürilmegi ýaly wakanyň Orsýetiň abraýyna kest edýändigine göz ýetirene meňzedi.

“Täsir dörediji, şol sanda syýasat bilen baglanyşykly jenaýatçylyklara has uly üns berilmeli, Orsýeti biziň hemmämiziň ýaňy-ýakynda başymyzdan geçiren we gören masgaraçylygymyz ýaly tragediýadan dyndarmaly. Men muny Boris Nemtsowyň hut paýtagtyň merkezinde gödek öldürilmegini göz öňünde tutup aýdýaryn” diýip, Putin Orsýet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýtdy.

Ýigrenji kim öjükdirýär?

Putiniň bu çykyşy Nemtsowyň öldürilmegi bilen bagly wakanyň ähmiýetine ünsi çekmek maksady bilen edildi. Nemtsowyň öldürilmegi köp orsýetlilere erbet täsir ýetirdi we oppozision syýasatçyny öldürmek günäsini takyk birine ýöňkemezden, ýurtda başga pikirlilere ýigrenç duýgusyny tutaşdyrmakda Putini aýyplap edilýän çykyşlary güýçlendirdi.

Putin Nemtsowyň öldürilmeginde Kremliň garşydaşlarynyň we orsýet jemgyýetçiliginde ýigrenji öjükdirmek maksadyna eýerýän “ekstremistleriň” günäkärdigini aýtdy. Putin “Ekstremistleriň hereketleri barha ýitileşýär we biz bikanun köçe protestlerinden başlap, sosial mediada propagandany hem ýigrenji ýaýratmak ýaly “reňkli diýilýän tehnologiýalardan” ybarat synanyşyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys” diýip belledi.

Kremliň tankytçylary Orsýetiň häkimiýetleriniň hökümete garşy protestleri esktremizm bilen garjaşdyrýandyklaryny we şeýdibem kanuny syýasy hereketleriň gozgalaňçy hereketler bilen arasyndaky tapawudy ýok etmäge synanyşýandygyny aýdýarlar.

"Jogapkärler bar"

Putiniň bu çykyşy Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy Aleksandr Bortnikowyň Nemtsowyň öldürilmegine jogapkärleriň bardygy we derňewçileriň jenaýatyň üstüni açmaga ýakyndygy barada habar bermeginiň yz ýany edildi.

Reformaçy syýasatçy, 1990-njy ýyllarda prezident Boris Ýeltsin döwründe premýer-ministriň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren we yz ýany prezident Wladimir Putini açyk tankyt eden syýasy garşydaşlarynyň biri bolan Boris Nemtsow birnäçe gün mundan ozal gije ukrainaly tanyş aýaly bilen bile Gyzyl meýdanyň gapdalynda köprüden geçip barýarka atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG