Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derbent: Kanun çykaryjy öldürildi


Derbent şäheriniň ýaşulular geňeşi, 2015.
Derbent şäheriniň ýaşulular geňeşi, 2015.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkazdaky Dagystan regionynyň Hazar deňzindäki Derbent port şäherinde ýerli lukman we kanunçykaryjy oka tutuldy.

Orsýetiň Dagystandaky Derňew komitetiniň ýolbaşçysynyň kömekçisi Rasul Temirbekowyň 5-nji martda aýtmagyna görä, Nasur Osmanow 4-nji martda irden sagat dokuzda öz öýüniň girelgesinde atylyp öldürilipdir.

Temirbekow derňewçileriň Osmanowyň öldürilmeginiň onuň Derbent etrap keselhanasynyň müdiri we Derbent şäher geňeşiniň agzasy wezipeleri bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyna seredýändiklerini habar berdi.

Dagystanda we Demirgazyk Kawkazyň beýleki regionlarynda postsowet döwründe Çeçenistanda bolan separatist uruşdan soň başlanan yslamçy gozgalaňçylyk, guramaçylykly jenaýatçylyk we syýasy gapma-garşylyk bilen bagly zorluklar ýüze çykýar. Polisiýa we resmiler yzygiderli hüjüm astyna düşýär.

XS
SM
MD
LG