Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina esgeriniň wepat bolandygyny aýdýar


Ukrainanyň harbylary gündogar Ukrainada soňky 24 sagadyň dowamynda bolan söweşlerde bir esgeriniň wepat bolandygyny we ýene biriniň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Bu waka hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konfliktde ok-atyşygy bes etmek barada gelnen ylalaşygyň gowşak berjaý edilýändigini görkezýär. Konflikt zerarly geçen ýylyň aprel aýyndan bäri regionda 6 000-den gowrak adam wepat boldy.

5-nji martda Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň geňeşçisi Zoryan Şkirýak gozgalaňçylary geçen aýda Minskde gelnen ylalaşyklary bozmakda we Azow deňziniň kenarynda ýerleşýän hökümetiň gözegçiligindäki Mariupol şäherinde güýç toplamakda aýyplady.

Şol bir wagtda-da gozgalaňçylaryň ýolbaşçylary geçen gije Donetsk regionynda ok atyşygyň ýa söweşiň bolmandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG