Sepleriň elýeterliligi

Orsýet harby türgenleşik geçirýär


Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonow, 5-nji fewral, 2015

Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonow, 5-nji fewral, 2015

Orsýetiň harbylary 2 000-den gowrak harbysynyň Orsýetiň günortasynda Krymda we Gürjüstandan bölünip aýrylan Abhaziýa hem Günorta Osetiýa regionlarynda geçirilýän “giň derejeli” howadan goranyş türgenleşiklere gatnaşýandygyny aýdýarlar.

Gündogar federal regionynyň harbylarynyň 5-nji martda aýtmagyna görä, howa hüjümlerinden we raketalardan goranmak boýunça bölümleriň gatnaşmagynda amala aşyrylýan harby maşklarda agyr ýaraglaryň we harby enjamlaryň 500 birligi ulanylýar.

Harby maşklaryň Orsýetiň günorta, Demirgazyk Kawkaz we Krym federal regionlaryndaky 12 sany türgenleşik meýdanynda, şeýle-de Abhaziýadaky we Günorta Osetiýadaky bazalarda geçirilýändigi habar berilýär.

Orsýetiň günorta böleklerinde geçirilen öňki harby türgenleşikler goňşy ýurtlarda aladalanma döredipdi we Moskwanyň harby maşklary Ukrainadaky gozgalaňçylara ýardam berip, goşun ibermek üçin ulanýandygy baradaky aýyplamalary güýçlendiripdi.

Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagy, şeýle-de 2008-nji ýylda Abhaziýany we Günorta Osetiýany garaşsyz döwletler hökmünde ykrar etmegi ençeme ýurt tarapyndan giň derejede ýazgaryldy.

XS
SM
MD
LG