Sepleriň elýeterliligi

Kerri: Eýran gepleşiklerinde ilerleme bar


Kerri Saud Arabystanynyň täze patyşasy Salman Abdulaziz al-Saud bilen gepleşik geçirmek üçin Riýadyň etegindäki Diriýa bardy.

Kerri Saud Arabystanynyň täze patyşasy Salman Abdulaziz al-Saud bilen gepleşik geçirmek üçin Riýadyň etegindäki Diriýa bardy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Saud Arabystanynda Aýlak Hyzmatdaşlyk geňeşiniň daşary işler ministrleri bilen duşuşyp, olara Eýran bilen alnyp barylýan ýadro gepleşikleriniň durumy barada gysgaça maglumat berdi.

Kerriniň Riýadda 5-nji martda Saud Arabystanynyň, Kuweýtiň, Bahreýniň, Kataryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Omanyň ministrlerine Tähran bilen ylalaşygyň Eýrana ýadro ýaragyny edinmäge ýol bermejegini hem-de onuň ABŞ-nyň regional howpsuzlygy meselelerinde özünden göwnühoşlugyny aňlatmajagyny ynandyrmagyna garaşylýardy.

Kerri soňra Saud Arabystanynyň täze patyşasy bilen gepleşik geçirmek üçin Riýadyň etegindäki Diriýa bardy.

Eýran gepleşikleri 5+1 döwletleriniň, Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň Tährany, ykdysady sanksiýalary ýatyrmagyň deregine, uran baýlaşdyrmak programmasyndan el çekmäge yrmak ugrunda alyp barýan diplomatiki tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.

Sünni liderleriniň aladasy

Ysraýyl ýaly, sebitiň sünni ýolbaşçylygyndaky arap döwletleri hem şaýylaryň ýolbaşçylaryndaky Eýran ýadro ýaragyny edinip, Ýakyn Gündogardaky edenliligini ýokarlandyrjak bolýan bolmasyn diýip, güman edýärler.

Eýran özüniň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlardan ugur alýandygyny, ýagny diňe elektrik toguny öndürmek we medisina barlaglaryny geçirmek üçindigini tekrarlaýar.

Emma BMG-nyň ýadro gözegçiligi guramasy, Halkara atom energiýasy gullugy Tähranyň, gözegçilere gizlinlikde ýadro ýaraglaryny ýasamak islemeýändigini anyklamaga şert döredip, Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasy boýunça doly hyzmatdaşlyk etmelidigini aýdýar.

Pars aýlagynyň arap liderleri Eýranyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine goldaw bermegi, Tähranyň Ýemeniň paýtagtyny eýelän şaýy pitneçilerine arka durmagy babatda hem alada bildirýärler.

Kerri şweýsar kurorty Montreuxdan ugramazyndan öň, Eýranyň daşary işler ministri bilen soňky geçirilen gepleşiklerde käbir ilerlemeleriň bolandygyny aýtdy.

Ol bu gepleşikleri «çekeleşikli» atlandyrmak bilen, «ol ýerde henizem düýpli aratapawutlar we edilmegi zerur möhüm seçgiler bar» diýdi.

"Ylalaşyk golaýlaýar"

Zarif Eýranyň döwlet eýeçiligindäki Press TV-sine «Biz ylalaşyga gelmekden beýle bir daş däl. Ol ýerde doldurylmaly boşluklar bar, çynlakaý boşluklar.

Emma bu biziň öňe süýşmäge ukybymyzyň ýokdugyny aňlatmaýar" diýdi.
Şu aralykda Kerriniň kömekçileri Şweýsariýada žurnalistlere Eýran bilen 5+1 döwletleriniň arasynda martyň aýagyna bellenen çarçuwalaýyn syýasy ylalaşyga gelinmegi üçin entek päsgelçilikleriň az däldigini aýtdylar.
Gepleşýän taraplar jemleýji ylalaşyga gelmegiň ahyrky möhletini 30-njy iýuna bellediler.

5+1-e girýän alty döwletiň daşary işler ministrlikleriniň hemmesiniň ilçileri 5-nji martda Şweýsariýada Eýran araçylary bilen alnyp barylýan gepleşikleri Kerri bilen Zarifiň arasynda 15-nji martda boljak indiki tapgyr duşuşyklaryň öňüsyrasynda dowam etdirmek kararyna geldiler.

Martyň aýagynda çarçuwalaýyn ylalaşyk gazanmaga gönükdirilen gepleşiklere gatnaşýan alty döwletiň biri bolan Hytaý 5-nji martda şertnamanyň golaý bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG