Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerry Saud Arabystanyna bardy


J.Kerri (ç) we patyşa Salman (s), 5-nji mart, 2015.
J.Kerri (ç) we patyşa Salman (s), 5-nji mart, 2015.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Eýran bilen ýadro gepleşikleriň statusy barada habar bermek üçin Saud Arabystanynda Aýlagyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň daşary işler ministrleri bilen duşuşdy.

Kerriniň Saud Arabystanynyň, Kuweýtiň, Bahreýniň, Kataryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Omanyň ministrleri bilen 5-nji martda Riýatda geçiren duşuşygynda Tähran bilen ylalaşygyň Eýranyň ýadro ýaragyny döretmegine ýol bermejegini we ABŞ-nyň regional howpsuzlygy meselesinde arkaýynlaşmajagyny mälim etjegine garaşyldy.

Kerri bu duşuşygyň yzýany Saud Arabystanynyň patyşasy Salman bilen duşuşmak üçin Riýadyň daşyna Diriýah bardy.

Tähran bilen gepleşikler ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň Eýranyň ýadro serişdelerini baýlaşdyrmak programmasyny çäklendirmegini gazanmak boýunça diplomatik tagallalarynyň bir bölegidir.

Ysraýyl bilen bir hatarda regionyň sünni arap döwletleri şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýran ýadro ýaragyny döretmäge we Ýakyn Gündogarda öz täsirini artdyrmaga synanyşýar, diýip hasap edýärler.

XS
SM
MD
LG