Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili ABŞ-dan Ukraina ýarag ugratmagy sorady


Gürjüstanyň öňki prezidenti we häzirki wagtda ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň administrasiýasynda maslahatçysy Mihail Saakaşwili.
Gürjüstanyň öňki prezidenti we häzirki wagtda ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň administrasiýasynda maslahatçysy Mihail Saakaşwili.

Gürjüstanyň öňki prezidenti we häzirki wagtda ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň administrasiýasynda maslahatçy bolup işleýän Mihail Saakaşwili Birleşen Ştatlary Ukrainany harby maksatly ýaraglar bilen üpjün etmäge çagyrdy.

4-nji martda Birleşen Ştatlaryň daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň geçiren ýygnagynda çykyş eden Saakaşwiliniň aýtmagyna görä, ösen rus harby tehnikasyna garşy durmak üçin Ukraina tanka garşy ulanylýan ýaraglara we beýleki harby serişdelere mätäç.

Saakaşwili Birleşen Ştatlaryň kanunçykaryjylaryna şeýle diýdi: “Diňe Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň ukrainleri türgenleşdirmek we harby serişde bilen üpjün etmek boýunça gyssagly we netijeli hereketleri Putiniň transatlantik planlaryny puja çykaryp, dünýäde ozal Sowuk uruş döwründe emele gelen global deňagramlylygy bozmaga gönükdirilen strategiýasyny durzup biler”.

Şeýle-de ol, zerur goranyş ýaraglary berilmese, Ukraina diýen ýurt saklanyp galmaz diýdi.

Şol bir wagtyň özünde öňki gürjü prezidenti Germaniýanyň Kiýewiň ýarag bilen üpjün edilmegine göwünsizdigini aýdyp, bu mesele boýunça Birleşen Ştatlaryň ýewropalylar bilen bilelikde işleşmelidigini belledi.

Ukrain hökümet güýçlerini ýaraglandyrmak

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Kiýewi harby ýaraglar bilen üpjün edip-etmezlik meselesini çözmäge synanyşýar.

Birleşen Ştatlaryň Ýewropa işleri boýunça sekretarynyň kömekçisi Wiktoria Nulandyň aýtmagyna görä, Obama amerikan gulluklaryndan ukrain hökümet güýçlerini nädip ýaraglandyryp boljakdygy barada maslahat sorapdyr.

“Bu meseleler, şol sanda rus tehnikasyna gönüden-göni gaýtawul berip biljek harby serişdeleriň görnüşleri heniz hem gözden geçirilýär” diýip, Nuland 4-nji martda Daşary işler boýunça komitetiň duşuşygynda belledi.

Birleşen Ştatlaryň Respublikan we Demokratik partiýasyndan ençeme kanunçykaryjylar Ukraina goranyş maksatly harby ýaraglary ugratmak baradaky pikiri goldaýarlar. Şol bir wagtyň özünde Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bolsa bu pikire garşy çykýar.

“Hemişe peýdaly”

Saakaşwili, Ukrainadaky uruşda eýeleýän pozisiýasy üçin Russiýa garşy girizilen sanksiýalar “hemişe peýdaly” bolsa-da, diňe sanksiýalara daýanmak töwekgelçilikli syýasat bolup biler diýdi. Ol munuň sebäbini rus prezidenti Wladimir Putiniň gepleşiklerde artykmaçlyk gazanmak üçin has-da köp ukrain territoriýasyny eýeläp, şondan peýdalanyp, Günbatary öz sanksiýalaryny ýatyrmaga mejbur etmek boýunça gepleşikler geçirmäge synanyşmagynyň mümkindigini belledi.

Öňki gürjü prezidenti Ukrainany Sowuk uruş döwründe Günbatar Berliniň strategik taýdan ähmiýetliligi bilen deňedi. Ol: “Ukraina şu günüň Günbatar Berlinidir we ol has köp goralyp bilner” diýdi.

Saakaşwili Russiýanyň günorta-gündogar Ukrainada has köp territoriýany basyp alyp, Kiýewdäki hökümeti agdarmaga synanyşmagynyň mümkindigini hem sözüniň üstüne goşdy.

2008-nji ýylyň awgust aýynda Russiýa bilen Gürjüstanyň arasynda gysga wagtlyk uruş bolanda, Saakaşwili Gürjüstanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Duşuşykda çykyş edenler

4-nji martda Saakaşwiliniň çykyş eden duşuşygyna Birleşen Ştatlaryň Respublikan partiýasynyň Wiskonsin boýunça senatory Ron Johnson we başga-da dört senator gatnaşdy.

Bu duşuşykda üç amerikan eksperti bilen bir hatarda rus oppozisiýasynyň wekili Garri Kasparow hem çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Putiniň gepleşikleri öz maksatlary üçin ulanmakda örän üstünlikli bolandygyny, “emma onuň haýsy-da bolsa bir çözgüde ýetmäge gyzyklanmaýandygyny ” belledi.

Kasparow Putiniň maksady II jahan urşundan soň we Sowuk urşuň netijesinde dörän we ykrar edilen halkara düzgün-tertibi bozmakdan ybarat diýdi.

Kasparow ýakynda Kremliň golaýyndaky köprüde atylyp öldürilen oppozision lider Boris Nemtsowyň öldürilmegi barada şeýle diýdi: “Boris Nemtsow öldürildi, sebäbi ol öldürilip bilýärdi. Putin we onuň elitasy 15 ýyl häkimiýetde galandan soň, özleriniň edip bilmejek zadynyň ýokdugyna, özleriniň geçip bilmejek çäginiň ýokdugyna ynanýarlar. Olaryň özleriniň jogapkärçilige çekilmejegini bilýänligi, Putiniň ýigrenje we zorluga ýugrulan propagandasy ölüme getirýän bir ýagdaýy döretdi”.

XS
SM
MD
LG