Sepleriň elýeterliligi

Täjik oppozision lideri Stambulda öldürildi


Täjik oppozision syýasatçysy Umarali Kuwatowyň öldürilen ýeri. Stambul şäheri, Türkiýe.

Täjik oppozision syýasatçysy Umarali Kuwatowyň öldürilen ýeri. Stambul şäheri, Türkiýe.

Gaçgaklykdaky täjik oppozision syýasatçysy we işewür Umarali Kuwatow Türkiýäniň Stambul şäherinde öldürildi, bu barada onuň ýaranlary we resmiler habar berýärler.

Kuwatow 5-nji martda Stambulyň köçesinde şahsyýeti nämälim hüjümçi tarapyndan kellesinden atylyp öldürildi, diýip onuň ýarany Şarofiddin Gadoýew Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatynda belledi.

Türkiýäniň resmileri Kuwatowyň öldürilendigini tassykladylar, emma Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi bu mesele barada özlerine has köp maglumat gelip gowuşýança, goşmaça informasiýa bermejegini aýtdy.

Bir döwürler täjik prezidenti Emomali Rahmonyň ýakyn ýarany bolan syýasatçy soňy bilen onuň garşydaşyna öwrüldi. Kuwatow Duşenbe tarapyndan bidüzgünçilik aýyplamalary bilen gözlenýärdi, emma ol bu aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny belläpdi.

Kuwatowyň “Group 24” atly syýasy guramasy täjik hökümeti tarapyndan ekstremist gurama diýlip atlandyrylyp, geçen ýylyň oktýabr aýynda gadagan edilipdi.

Şeýle-de, “Group 24” guramasy Duşenbede hökümete garşy protestleri geçirmäge çagyryş etmek üçin sosial ulgamlardan peýdalanandan soň, täjik resmileri ýurtda ýüzlerçe websaýty ýapypdy.

Ýanwar aýynda Täjigistan Türkiýeden Kuwatowyň ekstradisiýa edilmegini resmi taýdan sorapdy.

Kuwatow Täjigistany 2012-nji ýylda terk edipdi.

XS
SM
MD
LG