Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa 12 ýaşly çaga bilen nikalaşan adamy höküm etdi


Awstraliýanyň paýtagty Sidneýiň sudy asly musulman bir adamy Yslam dininiň kadalaryna laýyk gelýän dabara bilen 12 ýaşyndaky gyza öýlenmekde we ony göwreli etmekde aýyplap, 7 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Metbugat serişdelerinde şahsyýeti diňe liwanly 27 ýaşly student diýlip mälim edilen adam, çagany jynsy taýdan kemsitmekde höküm edildi.

Gürrüňi gidýän adam 12 ýaşyndaky gyza öýlenenden birnäçe hepde soň, gyzy mekdebe ýazdyrmaga synanyşan mahaly, 2014-nji ýylyň fewral aýynda tussag edildi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda nika dabarasyny amala aşyran ruhany bikanun nika gyýmakda aýyplanypdy.

XS
SM
MD
LG