Sepleriň elýeterliligi

Yrak: “YD” taryhy şäheri tekizleýär


Yragyň hökümeti “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri ýurduň demirgazygynda ýerleşýän gadymy assiriý şäheriniň taryhy galyndylaryny tekizleýärler diýýär. Bu gürrüňi gidýän toparyň söweşijileriniň ýurtdaky taryhy gymmatlyklara eden soňky hüjümidir.

Yragyň Turizm we gadymy ýadygärlikler boýunça ministrliginiň beren maglumatyna görä, söweşijiler 5-nji martda öýlän namazyndan soň, Nimrud şäherindäki taryhy galyndylary tekizläp başlapdyr.

Şeýle-de, ministrlik taryhy şäherde amala aşyrylan tekizlemäniň derejesi barada henize çenli hiç hili maglumatyň ýokdugyny mälim etdi. Gürrüňi gidýän taryhy şäher mundan 3 300 ýyl ozal Tigr derýasynyň eteginde döredilipdi. Onuň gadymy ady Kalhu bolup, ol Assiriýler zamanasynyň hazynasy hasaplanylýardy.

XS
SM
MD
LG