Sepleriň elýeterliligi

Harby mobilizasiýa nämäni aňladýar?


Harby parad, Aşgabat

Harby parad, Aşgabat

Türkmenistanda garaşsyzlyk döwrüniň başyndan bäri ätýaçdaky harby güýçleriň iň uly mobilizasiýasynyň geçirilýändigi barada habar berilýär. Bitarap Türkmenistanyň bu hereketi nämäni aňladýar?

Azatlyk Radiosynyň bu sowalyna orsýetli garaşsyz harby ekspert Aleksandr Golts jogap berdi.

Azatlyk Radiosy: Aleksandr Matweýewiç, harby mobilizasiýa näme we ol haýsy ýagdaýlarda geçirilýär?

Aleksandr Golts: Mobilizasiýa bu, harby howp ýa-da başga bir adatdan daşary ýagdaý dörände, döwletiň ýurtda nyzamly harby gullukda bolan ýa-da ýörite harby tälim alan ätiýaçdaky güýçleri türgenleşige çagyrmagyny aňladýar. Mobilizasiýa ählumumy ýa-da bölekleýin bolup bilýär. Köplenç şeýle mobilizasiýa harby hereketleriň amala aşyrylýan wagtynda ýa-da howpuň abanýan ýagdaýynda geçirilýär. Mobilizasiýa haçan-da ýurtlaryň arasynda gatnaşyklar ýaramazlaşyp, uruş turmak ähtimallygy güýçlenen wagtynda geçirilýär.

Azatlyk Radiosy: Mobilizasiýa türgenleşik maksady bilen-de geçirilip bilinýärmi?

Aleksandr Golts: Hawa, mobilizasiýa türgenleşik üçin hem geçirilip bilinýär. Sowet döwründe şeýle harby mobilizasiýa ençeme sapar geçirilipdi, şeýdip, harby bölümleriň [zerurlyk bolan halatynda] goşuny [tiz] toplamaga guramaçylyk ukyby barlanýardy. Bu, gerek bolaýan ýagdaýynda san, maddy taýdan resurslaryň taýýarlyk derejesiniň nähilidigini barlamak üçin, goşunyň üpjünçilik derejesine göz ýetirmek üçin geçirilýärdi. Sowet Soýuzynda harby mobilizasiýa harby howpuň bolmadyk döwründe hem geçirilýärdi, Çernobyl Atom elektrostansiýasynda partlama bolanda geçirilen mobilizasiýany muňa mysal hökmünde görkezse bolar.

Emma men bu meselede ýene bir zady belläsim gelýär, harby mobilizasiýa çäresiniň ýurtlaryň arasynda urşuň tutaşmagyna itergi beren mysallary-da taryhda bolupdy. Meselem, 1-nji Jahan urşuna getiren harby hereketleriň güýçlenmegine ýurtlaryň harby mobilizasiýany yglan edip, bu meselede potensial garşydaşlarynyň özlerinden üstün çykmazlygy ugrunda eden hereketleri hem öz goşant goşupdy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň häzir geçirilýän mobilizasiýasy we türkmen-owgan serhedinde harby güýçlerini artdyrmagy, siziň pikiriňizçe, nämäni aňladýar?

Aleksandr Golts: Ekspertleriň köpüsiniň çak edişi ýaly, Owganystandan halkara güýçleriň çykarylmagyndan soň howpsuzlyk ýagdaýy ýaramazlaşýar. Elbetde, bu ýagdaý goňşy ýurtlara hem öz täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň häkimiýetleri-de krizisiň dörän ýagdaýynda ýurtda nähili harby resurslaryň bardygyna doly göz ýetirmek isleýän bolmaly. Şeýlelikde, türkmen häkimiýetleriniň harby taýýarlyklary görüp, goşunyny hem rezerwdäki güýçlerini taýýarlyk derejesinde saklamaga synanyşýandygyny çak etmek mümkin. Sebäbi regionda radikal yslamyň ýaýbaňlanmagy bilen baglylykda Owganystanyň öňki sowet respublikalary bilen aradaky serhetlerinde asudalyk boljagyna garaşmak kyn.

XS
SM
MD
LG