Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alekseý Nawalnyý azatlyga çykdy


Alekseý Nawalnyý tussaghanadan govberildi, Moskwa, 6-njy mart, 2015 v.
Alekseý Nawalnyý tussaghanadan govberildi, Moskwa, 6-njy mart, 2015 v.

Tanymal rus oppozisioneri Alekseý Nawalnyý Moskwadaky tussaghanadan azatlyga çykyp, Kreml tankytçysy Boris Nemtsowyň öldürilmeginden soň, prezident Wladimir Putiniň hökümetine garşy göreşini dowam etdirmegi wada berdi.

Nawalnyý 6-njy martda, 1-nji marta planlaşdyrylan protesti wagyz etmek üçin listowka ýaýradany sebäpli berlen 15 günlük tussaglygyny tamamlap, azatlyga çykdy.

Bu protest ýygnanyşygy 27-nji fewralda Kremliň alkymynda atylyp öldürilen Nemtsowyň ýas ýörişine aýlandy.

Nawalnyý azatlyga goýberileninden soň çykyş edip, «biziň işjeňligimiz düýpden üýtgemez, biz öz tagallalarymyzy kemeltmeris, biz yza çekilmeris» diýdi.

“Amala aşyrylan terrorçylyk akty öz maksadyna ýetmedi, ol hiç kimi gorkuzmady, meni we meniň ýoldaşlarymy hem gorkuzmaýar» diýip, Nawalnyý žurnalistlere aýtdy.

Nawalnyý Nemsowyň ýurduň syýasy ýolbaşçylygynyň beren buýrugy esasynda öldürilendigine ynanýandygyny aýtdy.

Syýasy sebäpli ýanalmalar

Moskwa sudy geçen aý Nawalna we onyň dogany Olege berlen tussaglyk möhleti baradaky karary güýjünde galdyrmaly etdi.

Iki dogan 2008-2012-nji ýyllar aralygynda iki firmadan 30 million rubly, ýagny 500 müň dollara golaý serişdäni ogurlamakda günäli tapyldy.

Olege 3.5 ýyl türme tussaglygy, Alekseýe bolsa 3.5 ýyl şertli tussaglyk berildi.

Doganlaryň ikisem bu aýyplamalary ret edýär we olaryň syýasy sebäplidigini aýdýar.

Nemtsow ýaly, Nawalnyý hem ýokary derejeli resmileriň, Putiniň ýaranlarynyň bozuk, korrupsiýa işleriniň üstüni açjak bolupdy.

Şaýada haýbat atylýar

6-njy martda, Nemtsowyň öldürilen wagtyndaky esasy şaýat özüne haýbat atylýandygyny aýdanyndan soň, ukrain häkimiýetleri hem jenaýat derňewini açandyklaryny aýtdylar.

23 ýaşyndaky ukrain modeli Anna Duritskaýa Nemsow öldürilen mahaly onuň ýanyndady.

Ukrainanyň Baş prokuraturasy Duritskaýa Kiýew polisiýasyna özüne näbelli adamlar tarapyndan haýbat atylýandygyny aýdy diýýär.

Baş prokuror Wiktor Şohin Dritskaýanyň saglygyny we janyny goramak üçin zerur bolan ähli çäreleriň görülmegini buýurdy diýip, habarda aýdylýar.

Baş prokuraturanyň sözçüsi Andriý Demartino AFP habar gullugyna Duritskaýanyň howpsuzlygyny polisiýanyň ýörite güýçleriniň birnäçe ofiseriniň üpjün etjegini aýtdy.

Duritskaýa 3-nji martda Nemtsowy kimiň öldürendigini görmändigini, şonuň bilen bir wagtda ol ýerdäki maşynyň modelini ýa nomerini bilmeýändigini aýtdy.

Derňewçiler 28-nji fewralda bu ganhorlugyň dürli ugurlar boýunça, şol sanda yslam ekstremizmi, gündogar Ukrainadaky hökümet güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasyndaky konflikt bilen bolmagy mümkin baglanyşyklary boýunça hem derňelýändigini aýtdylar.

Hökümet tankytçylarynyň köpüsi, mäşäni kimiň gysandygyna garamazdan, esasy jogapkärçiligiň Kremliň üstüne düşýändigini, sebäbi Putiniň ýigrenç medeniýetini döredendigini we onuň muşdaklarynyň oppozisiýa hem Günbatara gahar edýändigini aýdýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG