Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa: Oppozisiýa başarnyksyzmy?


Özbek oppozisiýasy Şwesiýada özbek ymamynyň janyna kast edilmegine garşy protest bildirýär. 2-nji mart, 2012 ý.
Özbek oppozisiýasy Şwesiýada özbek ymamynyň janyna kast edilmegine garşy protest bildirýär. 2-nji mart, 2012 ý.

Gazagystanyň iň tanymal oppozision sýyyasy şahsyýetlerinden Rahat Alyýew ýakynda sürgünlikde, türmede aradan çykdy. Beýleki bir gazak oppozison liderine bolsa, Fransiýada ekstradisiýa edilmek howpy abanýar. Türkmen we özbek oppozisiýasy hem halkdan üzňe, daşary ýurtlarda ýerleşýär.

Geçen 25 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýada oppozisiýa güýçleriniň arasynda, Gyrgyzystany hasaba almasak, şol ýurtlary dolandyrýan ýolbaşçylara altarnatiwa bolup biljek sýyasy güýç döremedi. Eýsem bu oppozisiýanyň başarnyksyzlygyny aňladýarmy?

Azatlyk Radiosy ýörite gepleşikleriniň nobatdaky tapgyrynda Özbegistanda, Gazagystanda we Täjigistanda geçirilýän we geçiriljek saýlawlaryň fonunda, Merkezi Aziýanyň oppozision partiýalarynyň ýagdaýyna syn edýär.

Söhbetdeşlige Täjigistandan, Merkezi Aziýadaky ýeke-täk Yslamçy partiýanyň - Täjigistanyň Yslamçy Gaýtadan Döreýiş partiýasynyň lideri Muhiddin Kebiri, Gyrgyzistanda amala aşyrlan hökümet agdarlyşyklarynda esasy rol oýnan Edil Baisalow, düýbi Londonda ýerleşýän Uruş we Parahatçylyk Institutynyň redaktory John Mcleod, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Bruce Pannier dagy gatnaşýar.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Merkezi Aziýa: Oppozisiýa başarnyksyzmy?
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG