Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti ejesiniň saglygyny sorady


Türkmen prezidenti ejesi we kakasy bilen saýlaw uçastogynda ses berýär, Türkmen TW-sinden alnan surat.

Türkmen prezidenti ejesi we kakasy bilen saýlaw uçastogynda ses berýär, Türkmen TW-sinden alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni (6-njy martda) irden, işe barýarka sowlup, ejesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň saglygyny bejerdýän lukmançylyk merkezine baryp, hassanyň halyny sorady.

Emma habarda prezidentiň ejesiniň keseli, saglygyny bejerdýän lukmançylyk merkeziniň ýerleşýän ýeri ýa-da anyk ady aýdylmaýar.

Türkmen lideri 4-nji martda Türkiýä edýän iki günlük saparyny gysgaldyp, ejesiniň saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Stambulda geçirilýän inwestisiýa forumyna gatnaşman, ol ýerdäki resmi duşuşyklaryny goýbolsun edip, gyssagly Aşgabada dolanypdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, bejeriji lukmanlar döwlet baştutanyna Ogulabat ejäniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny aýdypdyrlar.

"Süýji kesellerini irgözinden anyklamaly"

Emma muňa garamazdan, döwlet baştutanynyň soňra degişli ýolbşaşçylara süýji keselleriniň irgözinden anyklanmagy we netijeli bejerilmegi boýunça dünýä tejribelerini öwrenmegi tabşyrandygy habar berilýär.

Prezidentiň bu ugurdaky tabşyryklary boýunça edilen işler barada Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisleriniň birinde hasabat bermelidigi hem aýdylýar.

Şeýle-de Berdimuhamedow Endokrinologiýa merkeziniň gurluşygy boýunça halkara tender geçirilmelidigini aýdypdyr.

Prezident saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine saglygy saklaýyş babatda öňdebaryjy ýurtlaryň birine gidip, endokrin keselçilikleriniň, şol sanda süýji keseliniň bejeriliş tejribelerini öwrenmegi tabşyrypdyr.

Seýilgäh gurluşygyna üns bermeli

Mundanam başga, prezident paýtagtyň Çandybil şaýolunyň (ozalky Pöwrize ýoly) ýanynda Newrologiýa merkeziniň we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň okuw-ylmy merkeziniň gurluşygynyň gidýän ýerine baryp, degişli ýolbşçaçylara lukmançylyk merkezleri bilen bir hatarda, seýilgäh zolaklarynyň gurluşygyna üns bermegi tabşyrypdyr.

Döwlet baştutany şu ýyl Saglyk maksatnamasynyň kabul edilenine 20 ýyl dolýandygyny ýatladyp, şu döwürde «ýurduň saglyk ulgamy düýpli döwrebaplaşdyryldy, lukmançylyk hyzmatlarynyň gerimi we hili ýokarlandy» diýipdir.

Emma ýurt içinden gelýän habarlarda, saglyk desgalarynyň köp gurulýandygyna we olaryň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylýandygyna garamazdan, medisina hyzmatlarynyň derejesiniň pese gaçandygy we başaran raýatlaryň daşary ýurtlarda saglygyny bejertmäge çalyşýandygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG