Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Türkmenistana geler


Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň 10-11-nji martda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrmagyna garaşylýar, bu barada Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde habar berildi.

Resmi habarda tassyklanylmagyna görä, Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek türkmen-eýran gepleşikleriniň barşynda iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek ikitaraplaýyn ylalaşyklar toplumyna gol çekiler.

XS
SM
MD
LG