Sepleriň elýeterliligi

ABŞ häkimiýetleri senatory aýyplamakçy


Amerikan häkimiýetleri täsirli senator, Nýu Jersi ştatyndan saýlanan demokrat Robert Menendeze korrupsiýa aýyplamalaryny bildirmekçi bolýarlar, ol Eýranyň ýadro programmasyna we Orsýetiň Ukraina gatyşmasyna garşy berk pozisiýada durýar.

ABŞ-nyň Adalat departamenti Senatyň daşary gatnaşyklar komitetiniň ýokary derejeli agzasy Menendeziň öz wezipesini biznes bähbitlerini ilerletmek üçin ulanandygyny öňe sürýär.

Kanunçylyk edarasynyň resmisi aýyplamanyň gelýän hepdelerde bildirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Menendez özüniň hemişe ýerlikli we kanun esasynda hereket edendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG