Sepleriň elýeterliligi

Gazak serhetçisi 11 ýyl aldy


Gazagystanyň serhet gullugynyň ozalky başlygy ýokary derejeli korrupsiýa aýyplamasy netijesinde 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Astanadaky harby sud 6-njy martda Murlan Žolamanowyň harby çinlerinden, döwlet sylaglaryndan hem mahrum edilmegini buýurdy.

Şeýle-de sud Žolamanowyň emläginiň konfiskasiýa edilmelidigini aýtdy. Ozalky general-maýor 26-njy ýanwarda suda çekildi.

Ol oktýabrda para almak, jenaýatçy toparyň düýbüni tutmak aýyplamalary esasynda tussag edilipdi.

Žolamanow bu aýyplamalaryň galpdygyny aýdyp, olary ret etdi.

Onuň bilen bile sud edilen Kaýrat Balmagamteow, ozalky harby ýolbaşçy, tussaglykdan azat edildi.

XS
SM
MD
LG