Sepleriň elýeterliligi

Pakistan 107 mekdebe okuwçylaryň adyny dakdy


Pakistan Haýber Pahtunkwa regionynda döwlet eýeçiligindäki mekdepleriň onlarçasyna dekabrda Peşawar mekdebine edilen hüjümde öldürilen okuwçylaryň adyny dakdy.

Şonda Pakistan «Talybany» bilen ilteşikli ýaragly adamlar 153 okuwçyny, mugallymy we mekdep işgärini öldüripdi. Pida bolanlaryň tas hemmesi çagalardy.

Indi demirgazyk-günbatar regionyň jemi 107 mekdebi Peşawar mekdebinde öldürilen okuwçylaryň adyny göterer.

XS
SM
MD
LG