Sepleriň elýeterliligi

ÝB ministrleri maslahat edýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 7-nji martda Latwiýanyň paýtagty Rigada gündogar Ukrainadaky uruş baradaky maslahatlyryny ikinji gün dowam etdirdiler.

28 agzaly bileleşigiň ministrleriniň bu ýygnanyşygy Günbatar bilen Orsýetiň arasynda Ukraina üstündäki dartgynlylygyň ýokarlanan wagtyna gabat geldi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeiýer 6-njy martda geçiren telefon konferensiýalarynda ÝHHG-nyň Ukrainadaky gözegçileriniň sanyny iki esse köpeldip, müňe ýetirmek barada bir pikire geldi.

Kiýew bilen Günbatar Orsýeti Ukrainanyň gündogaryna goşun we ýarag ibermekde, separatistleri goldamakda aýyplaýar.

Gündelik subutnamalara garamazdan, Moskwa gündogar Ukriana ýarag we goşun iberýändigini ret edýär.

XS
SM
MD
LG