Sepleriň elýeterliligi

Nemtsow işi: 2 adama aýyp bildirildi


Moskwa, Boris Nemtsow mitingde çykyş edýär, 24-nji noýabr, 2007 ý.

Moskwa, Boris Nemtsow mitingde çykyş edýär, 24-nji noýabr, 2007 ý.

Moskwa sudy Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglylykda iki adama aýyp bildirdi. "Roýters" habar gullugy suduň Dadaýew özüniň bu jenaýata dahylladygyny tassyk etdi diýendigini habar berdi.

Sud Zaur Dadaýewiň 28-nji aprele çenli tussaghanada saklanmagyny buýrupdyr.

Güman edilýänler 5-e ýetdi

Orsýetiň döwlet metbugaty 8-nji martda polisiýanyň oppozisiýa aktiwisti Boris Nemtsowy geçen aý, Moskwanyň merkezinde, Kremliň alkymynda atyp öldürmekde güman edilýän adamlaryň ýene ikisini tussag edendigini habar berdi.

Orsýetiň Inguşetiýa respublikasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Albert Barahoew RIA Nowosti habar gullugyna öňki wise-premýeriň janyna kast etmekde şübhe bildirilýän iki adamyň tussag astyna alnandygyny aýtdy.

Inguşetiýada tutulan erkekleriň ikisem goňşy Çeçenistandan, demirgazyk Kawkazyň iň bir zorlukly künjeginden. Olaryň biri 7-nji martda rus howpsuzluk resmileri tarapyndan tutulan iki adamyň biriniň - Anzor Gubaşewiň inisi.

RIA Nowosti 7-nji martda tutulan ikinji erkegiň, Zaur Dadaýewiň Çeçenistanyň Içeri işler ministrligine degişli batalýonyň komandiriniň orunbasary bolandygyny, Gubaşewiň bolsa Moskwada bir hususy howpsuzlyk firmasynda işländigini aýdýar.

Derňew komitetiniň sözçüsi Wladimir Markin bu işde güman edilýän bäşinji adamyň hem bardygyny aýtdy. Ol 8-nji martda twitterde «Derňew komiteti Boris Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglylykda bäş adama garşy iş gozgaýar» diýip ýazdy we derňewiň dowam edýändigini aýtdy.

Emma Moskwa sudunyň sözçüsi Boris Nemtsowyň ölümi bilen baglylykda iki adama aýyp bildirilendigini aýtdy.

Basmannyý sudunyň sözçüsi Anna Fadeýewanyň sözlerine görä, ol aýyp bildirilen iki adam Anzor Gubaşew bilen Zaur Dadaýew.

Bu adamlar prezident Wladimr Putiniň uzak wagtlyk tankytçysy Nemtsow atylyp öldürilenden bir hepde gowrak soň tutuldy.

Fadeýewa bu işi boýunça saklanan we ýekşenbe güni irden deslapky sud diňlenişigi üçin Basmannyý sudyna getirilen beýleki üç erkegiň hem adyny aýtdy, olar Şagid Gubaşew, Anzoryň inisi we diňe familiýasy aýdylan, Dadaýewiň garyndaşlary Bakhaýew bilen Ýeskerhanow dagydyr.

Boris Nemtsow 27-nji fewralda, Kremliň alkymyndaky bir köpriniň üstünden barýarka, ýeňsesinden dört ok atylyp öldürildi. Şonda onuň ýanynda ukrain modeli Anna Duritskaýa hem bardy.

Kast edişiň sebäbi

Emma muňa garamazdan, ony öldüren adamlaryň bolup biljek motiwi, ýagny oppozisiýadaky syýasatçyny näme sebäpden öldürmek isländikleri babatda hiç bir maglumat peýda bolmady.

Nemtsowyň ýaranlary onuň janyna kast edilmeginiň, tankytçylary ýuwaşatmak üçin, hökümetiň ýokary derejelerinde buýrulan bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýärler. Emma bu diýilýänler erjellik bilen ret edildi.

Bu bihaýa kast ediş ýurduň oppozisiýasynyň içine sarsgyn tolkunyny saldy we uly halkara ýazgaryşlaryny döretdi.

Derňewçiler ganhorlaryň Orsýeti, Ukraina meselesinde Günbatar bilen Sowuk uruşdan bäri iň ýaman gapma-garşylykda duran ýurdy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşan bolmaklarynyň ahmaldygyny öňe sürdiler.

Ýöne olar Nemtsowyň Orsýetiň Ukrain konfliktindäki roluny tankytlany üçin ýa–da ýanwarda, Parižde «Charliýe Hebdo» satiriki hepdeliginiň işgärlerine yslamçy ekstermistler tarapyndan hüjüm edilmegini ýazgarany üçin öldürilmek ähtimallygyny hem derňeýändiklerini aýtdylar.

Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky Adam hukuklary geňeşiniň başlygy Mihail Fedotow Interfaks habar gullugyna Nemsowyň öldürilmegini buýranlaryň we gurnanlaryň hem, bu jenaýaty amala aşyrynlar bilen bile, jogapkärçilige çekilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG