Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Selma ýörişini hatyralady


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Alabamada adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň graždan hukuklarynyň goragyna geçiren aýgytly Selma ýörişiniň 50 ýyllyk dabarasyna gatnaşyp, olary amerikan ruhuna siňen «gahrymanlar» diýip atlandyrdy.

Obama 7-nji martdaky Hakyda ýygnanyşygynda geçen 50 ýylyň dowamynda köp zadyň özgerendigini, emma kiçijik bir şäherde ýarym asyr mundan öň bolan wakalaryň ýer ýa-da wagt çägine sygmaýandygyny aýtdy.

«Biz ol ýörişiň entek tamamlanmandygyny bilýäris» diýip, Obama Selmanyň Edmund Pettus köprisinde, Alabama polisiýasynyň 1965-nji ýylyň 7-nji martyndaky demonstrantlara dürre, göz ýaşardyjy gaz bilen hüjüm eden ýerinde aýtdy.

Şonda aktiwistler Alabama ştatynyň paýtagty Montgomerä ýöriş edip, saýlaw hukuklaryny talap etmekçi bolupdylar.

XS
SM
MD
LG