Sepleriň elýeterliligi

Azeri habar gullugynyň başlygy tutuldy


Azerbaýjanyň resmileri döwlet eýeçiligindäki informasiýa agentliginiň başlygynyň şantaž we zor bilen pul almak aýyplamalary esasynda tussag edilendigini aýdýarlar.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi we Baş prokuraturanyň edarasy bilelikde beýanat ýaýradyp, «Asiýa» Informasiýa agentliginiň baş redaktory Gafar Gafarowyň 6-njy martda, 5 müň manat ($4,779) para alan wagty tutulandygyny aýtdylar.

Derňewçiler Gafarowyň ýene iki adam bilen bilelikde gorkuzmak we zor salyp pul almak usullaryny ulanandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG